Maslahat beriş kompaniýalarynyň wekilleri, şahsy maslahatçylar ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrylýar

Maslahat beriş kompaniýalarynyň wekilleri, şahsy maslahatçylar ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrylýar

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş banky maslahat beriş kompaniýalarynyň wekillerini hem-de şahsy maslahatçylary Müşderi bilen gepleşikleri geçirmegiň usullary atly ussatlyk sapagyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu barada Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Bu çäre 26-njy aprelde Aşgabatda Ýyldyz myhmanhanasynda geçiriler. Ussatlyk sapagy tölegsiz geçirilip, Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ussatlyk sapagy gatnaşyjylara müşderi bilen duşuşygyň inçe tilsimlerini özleşdirmäge, gepleşikleri geçirmek boýunça ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmäge ýardam berer.

Ussatlyk sapagyny işewür-maslahatçy Wladimir Çernýawskiý geçirer. Ol Belgiýadaky Guramaçylyk we sosial ösüş halkara institutynda Guramaçylyk ösüşi we üýtgeşmeleri dolandyrmak: adamlar we ulgamlar maksatnamasy boýunça bilim aldy.

Çärä gatnaşmak üçin degişli nusgadaky ýüztutmany doldurmaly we ony kompaniýa baradaky maglumat hem-de maslahatçynyň rezýumesi bilen 2024-nji ýylyň 16-njy apreline çenli ovezovat@ebrd.com elektron salgysyna ibermeli.

Goşmaça maglumat almak üçin şu telefon belgisi:

(+99363) 29-68-94.

Ýene degişli makalalar

Coddy programmirleme mekdebi Men we robot atly ussatlyk sapagyna çagyrýar
Reňkler sazlaşanda...
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi
Veranda restorany abatlaýyşdan soň täzeden açyldy
Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Türkmenistanda italýan aşpeziniň ussatlyk sapagy we aşpezlik şüweleňi geçirildi