Veranda restorany abatlaýyşdan soň täzeden açyldy

Veranda restorany abatlaýyşdan soň täzeden açyldy

Aşgabatda ýerleşýän Veranda restorany geçirilen düýpli abatlaýyş işlerinden soň, ýene-de gapylaryny giňden açdy. Restoran täze özboluşly stildäki dizaýna, ajaýyp tagamnama eýe bolmak bilen, indi bu ýerde tejribeli aşpez Jemşit Joraýew tagam taýýarlar.

Jemşit bütin dünýäde giňden tanalýan baş aşpez Nüsret Gökçäniň okuwçysydyr. Ol bu ugurdan Stambulda ýörite okuw geçip, Aşgabada özboluşly aşhana stilini getirdi. Ussatlygy we her bir bölekleýin zatlara ünsli bolmagy Jemşidiň taýýarlaýan tagamlaryny has-da datly edýär.

Veranda restoranynda esasy ähmiýetiň tagamnama berilýändigini bellemelidiris. Indi restoran saýlanan goşundylardan taýýarlanylýan steýklere ýöriteleşýär. Steýkler şireli, tagamly hem-de agzyňda eräp duran görnüşde bişýär. Şeýle hem, her bir myhmanyň öz islegine laýyk görýän naharyny saýlamagy üçin tagamnamada dünýäniň dürli aşhanalarynyň tagamlary göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, abatlaýyş işleriniň netijesinde restoranyň interýeri gözelleşdi. Döwrebap dizaýn, ýumşak reňkler hem-de göwnejaý atmosfera bu ýerde agşamlyk nahary üçin täsin gurşawy döredýär.

Habarlaşmak üçin:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ýadro howpsuzlygy boýunça halkara konwensiýalara goşuldy, Maryda sanly telefon ulgamy we GPON-a esaslanýan internet işjeň ornaşdyrylýar hem-de beýleki habarlar
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Aşgabatdaky Soltan Open Air restorany tomsuň yssy howasynda dynç almak üçin iň gowy mümkinçilik
Aşgabatdaky Soltan restoranlar zynjyry restoran işine döwrebap garaýyş
Aşgabatda ogurlyklar ýygy-ýygydan ýüze çykýar
Awazadaky myhmanhana işgärleri syýahatçylaryň azlygyndan alada edýärler