Aşgabatdaky Soltan Open Air restorany tomsuň yssy howasynda dynç almak üçin iň gowy mümkinçilik

Aşgabatdaky Soltan Open Air restorany  tomsuň yssy howasynda dynç almak üçin iň gowy mümkinçilik

Soltan Open Air Aşgabadyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna dürli tagamlary hem-de ýokary hilli hyzmatlary hödürleýän Soltan restoranlar zynjyrynyň ýedi restoranynyň biridir. Bu merkeziň tapawutly aýratynlygy açyk eýwanyň hem-de myhmanlaryň ýakymly dynç almaklary üçin özboluşly mikroklimaty döredýän emeli şaglawugyň bolmagydyr.

Soltan Open Air restoranynda milli, Gündogar we Ýewropa aşhanalarynyň dürli görnüşli, tagamly we estetiki taýdan owadan bezelen naharlaryndan lezzet alyp bilersiňiz. Myhmanlara krem-çorbalaryň we süýjülikleriň dürli görnüşleri hödürlenýär. Restoranyň otaglarynyň özboluşly dizaýny stilleriň sazlaşygy konsepsiýasyna esaslanýandygy bilen tapawutlanýar.

Restoranyň müşderileri ünsli işgärleriň ajaýyp hyzmatyna ýokary baha bererler, açyk eýwanda suw çüwdürimleriniň sesiniň astynda geçirilen agşam bolsa rahatlygy üpjün eder hem-de bu ýerde geçirilen islendik duşuşyga romantik öwüşgin çaýar.

Soltan Open Air restoranynda dabaralary geçirmek üçin ähli zerur şertleriň baryň, aýdym-sazyň, monitorlaryň, rahat we owadan mebelleriň we ş.m. bolmagy bu ýeri islendik çäreleri geçirmek üçin wagtlaýyn kärendesine tutmaga mümkinçilik berýär.

Restoranyň iş wagty 9:00-dan 23:00-a çenli, şeýle hem onuň şäheriň işewürlik etrabynda ýerlemşmegi müşderilere tagamly ertirlik, günortanlyk naharlaryny edinmäge ýa-da tagamlary iş ýerlerine sargyt etmäge şert döredýär.

Soltan Open Air restoranynyň salgysy: Aşgabat, 2127-nji köç. (G.Kuliýew), 72-nji jaý. Telefonlar: (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Aşgabatdaky Soltan restoranlar zynjyry restoran işine döwrebap garaýyş
Soltan Open Air hususy usulda taýýarlanan işleklini dadyp görmäge çagyrýar
ABŞ-da bahasy 2,5 milliard dollar bolan robot-gumanoid döredildi
IBM emeli aň platformasyny tanyşdyrdy
Türkmenistanda Watan goragçylarynyň güni bellenildi, Serdar Berdimuhamedow floty giňeltmegi tabşyrdy, Raşid Meredow Türkmenistanda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň şahamçalaryny açmak meselesini öwrenmegi teklip etdi we beýleki habarlar
Internedi üýtgedip biljek tehnologiýa: ChatGPT