Matrisanyň dördünji bölümi franşizanyň iň dowamly filmi bolar

Matrisanyň dördünji bölümi franşizanyň iň dowamly filmi bolar

Matrisa: Direliş kinolentasy franşizanyň taryhynda iň dowamlysy bolar. Kartinanyň dowamlylygy iki sagatdan gowrak bolar.

Fantastik uruşganly kinonyň dördünji bölüminiň dowamlylygy baradaky habar Finnkino we Cinesa kompaniýasy tarapyndan neşir edildi diýip, inforeactor.ru habar berýär. Insaýderleriň maglumatlary boýunça, “Matrisa: Direliş” 2 sagat 38 minut dowam eder. Franşizanyň ilkinji üç bölüminiň dowamlylygy iki ýarym sagatdan köp däldi.

“Matrisanyň” dowamynda Neo geçmişiň “arwahlaryndan” dynmak isleýär. Baş gahryman psihoterapewtiň ýanyna baryp, oňa özüniň geň düýşlerini aýdyp berýär. Soňrak ol Trinitä duşýar, ýöne ony tanamaýar.

Kartinanyň režissýory Lana Waçowski boldy. “Matrisa: Direliş” filminde baş keşpleri Kianu Riwz, Kerri-Enn Moss we Ýahýa Abdul-Matin II ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri
Milli Liderimiziň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen kitaby arap dilinde neşir edildi
Milli Liderimiziň kitaby arap dilinde neşir edildi
Täze filmiň artistleri belli boldy
Bagdatda guralan hüjüm bilen bagly derňew işi dowam edýär