Mattarelladan Berdimuhamedowa hoşallyk gaty gelip gowuşdy

Mattarelladan Berdimuhamedowa hoşallyk gaty gelip gowuşdy

Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarelladan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoşallyk haty gelip gowuşdy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berilýär.

Hatda hususan-da şeýle diýilýär:

Meniň Italiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagym mynasybetli iberen mähirli gutlagyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin. Munuň özi Siziň ýurdumyza berýän ünsüňiziň ýene-de bir subutnamasy boldy.

Täze ýediýyllyk möhletde biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän dostluk gatnaşyklaryny, şol sanda sebit derejesindäki has işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde pugtalandyrmak boýunça başlanan işi dowam etdirmek baradaky arzuwymy tassyklamak isleýärin.

Bu mümkinçilik maňa Italiýa Respublikasynyň Prezidenti hökmünde biziň halklarymyzyň rowaçlygyny we abadançylygyny ýokarlandyrmaga bilelikde ýardam bermek işinde mundan beýläk-de ylham berer.

Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, dostlukly türkmen halkyna bolsa tüýs ýürekden arzuwlarymy kabul ediň!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýada bolan awtobus heläkçiligine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kärdeşine awtobus heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden Täze ýyl gutlaglary gelip gowuşýar
Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl baýramy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi