Maýamide ýer eýeleri ýeňiş gazandy

Tennis boýunça möwsümdäki 2-nji “Masters” ýaryşy “Maýami Açykda” erkeklerde-de, zenanlarda-da ýer eýeleri amerikaly tennisçiler ýeňiş gazandy.Erkekleriň arasyndaky finalda amerikaly tennisçi, 17-nji orundaky Jon Izner bilen 5-nji basgançakdaky germaniýaly Aleksandr Zwerew duşuşdy. 1-nji setde Zwerew 7:6 hasabynda ýeňiş gazansa-da, soňlugy bilen, tijenen Izner 23-nji setlerde 6:4-lik hasaplar bilen ýeňşini baýram etdi.

Bu onuň “Masters” ýaryşlaryndaky ilkinji çempionlygy bolup, ol ATP bäsleşiklerinde 13-nji ýola ýeňiş gazandy.Zenanlaryň arasyndaky finalda geçen ýyl “Amerika Açyk” “Uly tuwulgasynda” çempionlyk gazanan 12-nji hatardaky ABŞ-ly raketkaçy Sloane Stefens bilen WTA-nyň sanawynda 5-nji ýeri eýeleýän latwiýaly Ýelena Ostapenko özara güýç synanyşdy. 1-nji set diýseň çekeleşikli geçip, ýer eýesi Stefens taý-brekden soň, 7:6 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ikinji setde-de Stefens geçen ýylky “Fransiýa Açygyň” ýeňijisi Ostapenkony 6:1 hasabynda ýeňdi.Netijede, 2:0 hasabynda garşydaşyndan üstün çykan 25 ýaşly Stefens WTA-daky 6-njy, şeýle-de, ilkinji “Masters” çempionlygyny gazandy.

Ýene degişli makalalar

Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 1-nji maý)
Laureus Messini Ýylyň türgeni diýip yglan etdi
Sport täzelikleri
Transfer täzelikleri
“Garynja adam we ary” (Ant-Man and the Wasp)
Nadal 11-nji, Halep 1-nji gezek ýeňiji