Nadalyň 10-njy “Rolan Garros” çempionlygy

Tennis boýunça möwsümiň 2-nji “Uly tuwulga” ýaryşy “Rolan Garrosda” erkekleriň arasynda ispaniýaly Rafael Nadal, zenanlardanam latwiýaly Ýelena Ostapenko çempion boldy.Umumy pul gaznasy 36 million ýewro bolan 116-njy “Fransiýa Açykda” çempionlaryň hersine aýratynlykda 2,1 million ýewro pul sylagy berildi.Erkekleriň arasynda toprak kortuň ägirdi Rafael Nadal ýene bir ýola öz ussatlygyny görkezdi.

Ispaniýaly tennisçi 2 sagat 7 minutlap dowam eden finalda şweýsariýaly Stanislas Wawrinkany 3 setde ýeňmegi başardy. 31 ýaşly Nadal 1-nji setde 6:2, 2-nji setde 6:3 hem-de 3-nji setde 6:1 hasaplary bilen garşydaşyndan üstün çykdy. Şunlukda, Rafael Nadal 10-njy gezek “Rolan Garrosda” çempion bolup, ol bir “Uly tuwulgada” 10 kubok gazanan ilkinji erkek tennisçi, umumylykda-da 2-nji raketkaçy diýen ady eýeledi.

Nadal mundan ozal, “Fransiýa Açykda” 2005-nji, 2006-njy, 2007-nji, 2008-nji, 2010-njy, 2011-nji, 2012-nji, 2013-nji, 2014-nji ýyllarda ýeňiş gazanypdy.Ispaniýaly tennisçi “Rolan Garrosda” 3-nji sapar ýeke setde-de utulman çempion boldy.

Galyberse-de, Rafael Nadal umumy “Uly tuwulgalarynyň” sanyny 15-e çykaryp, bu ugurda Pit Samprasdan (14) öňe saýlandy we 2-nji basgançaga geçdi.Bu ugurda 18 “Uly tuwulga” bilen Rojer Federer 1-nji hatarda barýar.

Nadal “Awstraliýa Açykda” 1 (2009), “Wimbledondyr” (2008, 2010) “Amerika Açykda-da” (2010, 2013) 2 gezek ýeňiş gazanypdy.

1933-nji ýyldan bäri ilkinji saparZenanlaryň arasyndaky finalda latwiýaly Ýelena Ostapenko bilen rumyniýaly Simona Halep duşuşdy. 2 sagat 2 minutlap dowam eden finalyň 1-nji setinde WTA-nyň sanawynda 3-nji hatarda barýan Halep 6:4 hasabynda ýeňiş gazandy.

Soňlugy bilen, özüni dürsän 20 ýaşly Ostapenko 2-nji setde 6:4, 3-nji setde-de 6:3 hasaplary bilen garşydaşyndan üstün çykyp, “Fransiýa Açygyň” ýeňijisi boldy. Şeýlelikde, Ostapenko 1933-nji ýyldan bäri zenanlaryň arasynda faworit bolman çempionlyk gazanan ilkinji tennisçi diýen ady eýeledi.

Galyberse-de, Ostapenko horwatiýaly Iwa Maýoliden soň (1997), bu ýaryşda ýeňiji bolan iň ýaş tennisçi boldy.Bu ýeňiş Ostapenkonyň karýerasyndaky ilkinji WTA çempionlygy bolup, ol ýarym finalda öz doglan gününde şweýsariýaly Timea Baçinskini ýeňipdi. Şol gün şweýsariýaly tennisçiniň-de doglan günüdi.

Bu ýaryşdan soň “Uly tuwulga” gazanan ilkinji latwiýaly tennisçi Ostapenko 47-nji basgançakdan 12-nji orna beýgeldi.Ostapenko argentinaly Gustawo Kuertenden soň, “Uly tuwulgada” karýerasyndaky ilkinji çempionlygyny gazanan birinji tennisçi boldy.

Tanymal tennisçi Kuerten ilkinji kubogyny 1997-nji ýylyň 8-nji iýunynda “Fransiýa Açykda” gazanypdy.Edil şol günem Ostapenko dünýä inipdi (1997).

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 16-njy fewralda sport habarlary
Maýamide ýer eýeleri ýeňiş gazandy
15 ýaşynda çempion boldy
Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
Onuň alyhezretleri karýerasyny tamamlady
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi