“Medeniýet bagtyýar Watanymyzyň buýsanjy”

“Medeniýet bagtyýar Watanymyzyň buýsanjy”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Mollamurt adyndaky kitaphana şahamçasy “Ylham” seýilgähinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Medeniýet bagtyýar Watanymyzyň buýsanjy” ady bilen döredijilik duşuşugyny geçirdi. Çärede häzirki döwürde milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmekde we kämilleşdirmekde döwletimiz tarapyndan uly üns berilip, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlarda uly üstünlikler amala aşyrylyp,durmuşa geçirilýän belent sepgitler bu günki günde özüniň oňyn netijelerini berýändigi şeýle-de “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Medeniýet hepdeliginiň ýurdumyzyň Mary welaýatynda toýlanmagy buýsançly wakalaryň biri bolup durýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Şeýle-de baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergi bilen tanyşdyryldy we beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň goşgularyndan birnäçesini okap berdiler. Çäräniň ahyrynda Medeniýetiň we sungatyň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke bedewleri halkymyzyň milli buýsanjydyr
Magtymguly atam guwan iliňe, külli türkmen toý toýlaýar şanyňa
Behişdi bedewlerimize belent sarpa
Ahalteke atym uçar ganatym
Saz eýlese dutar - gyjak
Sanly ulgamyň mümkinçilikleri atly onlaýn ylmy-amaly maslahaty
Bagtly çagalar-aýdyň geljegimizdir