Medeniýet hepdeligimilli sungatymyzyň rowaçlygy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Medeniýet hepdeligimilli sungatymyzyň rowaçlygy ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda beýleki ulgamlar bilen birlikde medeniýet ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyp kämilleşdirilýändigi, bu ugurda alnyp barylýan syýasatyň üstünligi, medeniýet, sungat işgärleriniň döredijilik başlangyçlarynda öz beýanyny tapýandygy barada çykyş etdiler. Şeýle-de toý-baýramlarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň täze öwüşgine eýe bolup, ýurdumyzyñ Medeniýet we sungat işgärlerine döredijilikli zähmet çekmekleri üçin taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň aýdymçy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndan birnäçe şirin owazly aýdymlar ýaňlandy. Çäräniň ahyrynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy giňden öwrenmäge ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Milli medeniýetiň we döredijiligiň baýramy
Medeniýet sözünden döwür gülleýär
Milli medeniýetiň ösen zamany, arzuwlaryň hasyl boldy Pyragy
Sungatyň we döredijiligiň baýramy
Medeniýetiň, döredijiligiň mekanydyr bu Diýar
Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi