Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty bilen bilelikde gurnamagynda Milli medeniýetiň we döredijiligiň baýramy atly Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Çärede çykyş edenler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanyp geçirilýän dabaralaryň milli medeniýetimizi ösdürmekde we dünýä ýaýmakda, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy has ýokary derejelere çykarmakda hem-de Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem, çärede Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň aýdym-saz topary milli medeniýetimizi, eziz Watanymyzyň ösüşlerini wasp edýän, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen birnäçe aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.
