Medwedew: "NATO bilen gönüden çaknyşyk howpy bar" diýdi

Medwedew: "NATO bilen gönüden çaknyşyk howpy bar" diýdi

Dmitriý Medwedew Telegram kanalyndan beren beýanatynda, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň Ukraina berilmegi meýilleşdirilýän 105 milliard dollarlyk býujet talabynyň Senatda ret edilmeginiň üstünde durup geçdi.

Baýdeniň ýolbaşçylygyndaky hökümediň Kongresi şantaž edýändigini we onuň ABŞ-nyň taryhynda täze bir zat bolmandygyny aýdan Medwedew: "Dargama tapgyrynda bolan kiçijek bir döwlet üçin bular ýaly möçberde pul ozal islenmändi.

ABŞ-nyň Prezidentini we maşgala agzalaryny bozýan bir ýurt üçin bular ýaly agressiw ýagdaýda we mekirlik bilen pul islenmändi.Kubadaky Raketa krizisinden bäri Russiýa bilen NATO-nyň arasynda 3-nji Jahan urşyna öwrülip bilinjek gönüden çaknyşyk howpy bular ýakynlaşmandy" diýip belledi.

ABŞ-nyň hökümetiniň Ukrainadaky uruşda pul gazanýandygyny öňe süren Medwedew, Baýdeniň 2024-nji ýylda geçiriljek Prezident saýlawynda ýeňilmek howpunyň bardygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Putiniň "ýalaňaç agşamlygy". Çeçen urşy döwründe ýalaňaçlaryň tansy
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Zelenskiý Amerikan Goldawy Hakynda Beýannama Berdi
Ermeni Meselesi
Gazagystanyň Senaty gazak-türkmen serhedi baradaky resminamany tassyklady
Gazagystan-Türkmenistan döwlet serhediniň tertibi baradaky resminama kanunlaşdyrylýar