Mejlisiň Başlygy Kuweýtiň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Mejlisiň Başlygy Kuweýtiň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Şu gün, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bader Abdullah Almunaýehden ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we iki doganlyk halklaryň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrundaky asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Diplomat hoşniýetli arzuwlar we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Kuweýt Döwletiniň Emiriniň Prezident Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Liderine we ähli türkmen halkyna mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, ilkinji nobatda, iri we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli guralýan türkmen-kuweýt döwletara gatnaşyklarynyň giň ugurlary boýunça pikir alşyldy.

Diplomat Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda guralýan dostlukly türkmen-kuweýt gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Daniýa Patyşalygy Türkmenistana täze ilçi belledi
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Belgiýa Patyşalygynyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi
Oman Soltanlygy Türkmenistana täze ilçi belledi
Türkmenistanda Gresiýa Respublikasynyň ilçisi işe başlady
Türkmenistanyň Mejlisinde ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
Türkmenistanda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Mejlisinde fransuz parlamentarileri kabul edildi