Mekdebe çenli çagalar bilim edaralarynyň hünärmenleri sanly usullary ornaşdyrmagyň wezipelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda demirgazyk welaýatyň administratiw merkezi bolan Daşoguz şäherinde geçirilen migallymlar seminarynyň çäklerinde okuw-terbiýeçilik işlerine okatmagyň interaktiw usullaryny ornaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata Milli bilim institutynyň, sebit bilim müdirlikleriniň hünärmenleri, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri, terbiýeçileri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibinde şu okuw ýylynyň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýörüte Karary bilen tassyklanylan sanly ylym ulgamyny ösdürmegiň milli Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň wezipeleri kesgitlenildi. Bu strategiýa başlangyç bilim bölegi bolan mekdebe çenli çagalar edaralaryny-da öz içine alýar.

Maslahatyň çäklerinde Daşoguzyň 36-njy çagalar bakja bagyynyň iň ökde hünärmenleri Mähri Abdyweliýa bilen Ýazgül Jumanazarowa dagy bilim bermegiň interaktiw we oýunly usllaryny ulanylyp, matamatika we iňlis dili dersleri boýunça açyk sapak geçdiler.

Şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinden gelen mugallymlaryň dürli derslerden taýýarlan tanyşdyrylyşy boldy, olar sanly bilim ulgamy strategiýasy jähtinden köpugurly okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmek babatda pikir alyşdylar.

Duşuşyga gatnaşanlar bilim ulgamyna interaktiw tehnologiýalary ornaşdyrmaga milli mugallymçylyk däpleri bilen utgaşdyrylmagyna oýlanşykly çemeleşmek bilen baglanşykly öz iş tejribesi barada gürrüň berdiler.

Forumyň çäklerinde gurnalan sergide körpelere bilim bermekde, şol sanda matematika, daşary ýurt dilleri, çagalaryň dil baýlygyny, sensorikasyny , ownuk motorikasyny we beýleki endiklerini ösdürmek boýunça sapaklarda ulanylýan görkezme esbaplary goýlupdyr. Onda gyzykly we bilim beriji, şol sanda oýunly gajetleriň dürli görnüşleri görkezildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
12.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
TÝL ― 2020: 17-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşyklaryndan soňra gyzykly hasaplamalar
14 oýundan soňky ilkinji ýeňşi
“Şagadam” bürünç medala mynasyp boldy
Bürünç medalyň eýesi “Şagadam”