Meksikanyň Prezidenti taryhda ilkinji gezek zenan bolup biler

Meksikanyň Prezidenti taryhda ilkinji gezek zenan bolup biler

Meksikanyň Morena dolandyryjy partiýasy 6-njy sentýabrda Mehiko şäheriniň öňki häkimi Klaudiýa Şeýnbaumy 2024-nji ýylda geçjek Prezident saýlawlarynda dalaşgärlige hödürledi. Bu barada France24 teleýaýlymyna salgylanýan Izwestiýa habar berdi.

Häzirki Prezident Andreas Manuel Obradoryň partiýasy Şeýnbaumyň öz bäş bäsdeşinden saýlanandygyny habar berdi, resmi maglumatlara görä, ol sesleriň 39 göterimini gazandy.

Öňde duran saýlawlarda Şeýnbaumyň esasy bäsdeşi Meksikanyň giň fronty garşylykçy partiýasyndan dalaşgär, 61 ýaşly zenan Soçitl Galwez bolar. Ol geçen ýekşenbede bu partiýadan dalaşgär görkezildi.

Şunlukda, Meksikada taryhda ilkinji gezek döwlet Baştutany wezipesi üçin iki zenan bäsleşer.

Saýlawlar 2024-nji ýylda geçer, onda döwlet Baştutanyny göni ses bermek arkaly gaýtadan saýlanmaga hukuksyz şerti bilen, alty ýyl möhlete saýlaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Zenan dalaşgärler üstünlik gazandy
5-nji gezek çempionlyk gazanan ilkinji ýygyndy
Britaniýaly dünýäde iň uzak ýaşly erkek kişi diýlip yglan edildi
Dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin “Altyn topa” 30 dalaşgäriň sanawy belli edildi
Repçi Lil Nas X-iň Montero klibi Ýylyň iň gowy aýdym-saz wideosy boldy
UEFA-da ýylyň futbolçylary baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi