Formula 1 boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy “Emilia-Romagna” “Gran Prisi” Italiýada geçirildi. Imola
şäherçesiniň adybir
trassasynda geçirilen ýaryşda 63 aýlawy “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis
Hamilton 1-nji orunda tamamlady. 2-nji hatardan bat alan Hamilton
1 sagat 28 minut
32,430 sekunt
pellehana gelip, möwsümdäki 9-njy,
karýerasyndaky 93-nji ýeňşini gazandy. Hamiltondan 5,783 sekunt yza galan “Mercedes” toparynyň beýleki sürüjisi, finlýandiýaly Waltteri Bottas 2-nji ýeri
eýeledi. 14,3 sekunt
pellehana gelen awstraliýaly Danniel Rikkiardo (“Renault”) 3-nji orna mynasyp
boldy.
Şeýlelikde, möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr
galanda, utuk aratapawudyny 85-e ýetiren Hamilton çempionlyga bir ädim golaýlady. Britaniýaly sürüjiniň 282
utugy bolup, ol 1-nji
ýerde barýar. 2-nji basgançakdaky Waltteri Bottasyň 197, 3-nji orundaky Maks
Werstappeniň 162 utugy bar.
Bu ýaryşdan soň, toparlaryň arasynda “Mercedes” topary yzly-yzyna 7-nji
çempionlygyny yglan etdi. Şeýlelikde, “Mercedes” topary 1999-2004-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 6 çempionlyk gazanan “Ferarriniň” rekordyny täzelemegi başardy. “Mercedes” topary tamamlanan 13
ýaryşda 479 utuk
toplady. 2-nji ýerdäki “Red Bulluň” 226 utugy bar.
Möwsümiň 14-nji ýaryşy 15-nji noýabrda Türkiýede geçiriler.
