Mersedes 2030-njy ýyla çenli elektrikli ulaglara doly geçer

Mersedes 2030-njy ýyla çenli elektrikli ulaglara doly geçer

Germaniýanyň Mersedes-Benz kompaniýasynyň ýolbaşçylary 2030-njy ýyla çenli ýangyçly hereketlendirijilerden doly ýüz öwürjekdiklerini mälim etdiler. Bu barada insideevs.ru habar berdi.

Daimler-iň baş direktory Ola Kellenius elektrikli ulaglara geçiş tizligini ep-esli çaltlaşdyrmak isleýär.Onuň aýtmagyna görä, täze strategiýa 22-nji iýulda hödürlener, žurnalistlere has jikme-jik maglumatlar hem şonda berler. Şeýle-de bolsa, 2024-nji we 2025-nji ýyllar üçin meýilleşdirilen täze önümleri bir ýyl ir çykarmaga synanyşylar diýlip çaklanylýar. Şereketiň adaty benzinli we dizelli awtoulaglardan başga-da, gibrid awtoulaglaryň önümçiligini hem bes etmek isleýändigini bellemek gerek.

Markanyň başlygy doly elektrikli awtoulaglary öndürmegi berk niýetine düwüpdir.Emma hemme zat beýle bir aňsat hem däl. 2030-njy ýyla çenli ähli bazarlaryň elektrikli ulaglary üstünlikli ornaşdyrmak üçin ýeterlik infrastrukturasy bolman biler diýlip bellenilýär. Şonuň üçin hem Mersedes heniz öz öňünde kesgitli bir möhlet goýmaýar.

Ýene degişli makalalar

Gysga setirlerde: 20-nji fewraldaky sport habarlary
Maks Werstappen Azerbaýjanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Formula ― 1: Azerbaýjanda iň ýyndam Ferstappen boldy
Maks Werstappen Ispaniýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy
Werstappen Formula-1-iň bassyr ikinji tapgyrynda ýeňiş gazandy
Werstappen “Formula-1-de” Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Werstappen Emiliýa-Romanýanyň Gran-prisiniň sprint ýaryşynda ýeňiji boldy