Messi taryhy rekordyň bosagasynda dur we super ýyldyzyň beýleki rekordlary

Niderlandlar bilen bolan çärýek final duşuşygynda penaltiden tapawutlanyp, şu çempionatdaky 4-nji, umumylykda-da Dünýä Kubogyndaky 10-njy goluny geçiren Lionel Messi taryhy rekordyň bosagasynda dur.Ol 10-njy goly geçirmek bilen Dünýä Kubogynda iň köp gol geçiren 2 argentinaly oýunçynyň biri bolupdy (beýlekisi Gabriel Batistuta).

Lionel Messi Niderlandlar bilen bolan oýunda 1 goluň pasyny hem berip, Dünýä Kubogynda pleý-off tapgyrynda iň köp asist eden oýunçy bolmagy başardy.Bu onuň 5-nji asisti bolup, ol futbolyň şasy Peläniň rekordyny täzeledi. Şol bir wagtyň özünde çärýek final duşuşygy Messiniň Dünýä Kubogynda 24-nji duşuşygy bolup, germaniýaly Miroslaw Klose bilen deňleşdi.

Ol ýarym finalda-da meýdança çykan ýagdaýynda Lotar Matteusyň 25 oýunlyk taryhy rekordyny gaýtalar.Messi ýarym finalda soň final ýa-da 3-nji ýer üçin duşuşykda çykyş etse, onda 26 oýun bilen taryhy rekordyň ýeke-täk eýesi bolar.

Dünýäniň super ýyldyzy Dünýä Kubogynyň çäginde taryhy rekordyň bosagasynda dur.

Ýene degişli makalalar

Messi we ýoldaşlary finalda, horwatlara bu gezek başartmady
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
16 duşuşyk 48 gol
Türkmenistana Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň ýadygärlik nyşany gowşuryldy
Türkmenistan daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň sebitleýin duşuşygyna gatnaşdy
ÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ HER ÝYLKY DUŞUŞYGY GEÇIRILDI