Messi we ýoldaşlary finalda, horwatlara bu gezek başartmady

Katar 2022-de ilkinji finalçy belli boldy. Ýarym finalyň 1-nji duşuşygynda soňky 2 bäsleşigiň finalçylary 2014-nji ýylyň wise-çempiony Argentina bilen 2018-nji ýylyň wise-çempiony Horwatiýa duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýna horwatlar erjel başlady.

Olar ilkinji 20 minutda oýna doly erk etmegi başardylar. Ýöne soňlugy bilen, oýnuň jylawy super ýyldyz Lionel Messi we ýoldaşlarynyň eline geçdi.Duşuşygyň 34-nji minutynda horwatiýaly derwezeçi Liwakowiçiň argentinaly hüjümçi Alwaresiň garşysyna gödeklige ýol berendigini nazarda tutan italiýaly emin Orsato penalti urgusyny belledi.

Ony-da Lionel Messi dürs urup, hasaby açdy.Bu onuň şu çempionatdaky penaltiden 3-nji, umumylykda-da 5-nji goly boldy.Ol bu goly geçirmek bilen Dünýä Kubogyndaky iň netijeli argentin futbolçysy rekordyny hem öz adyna geçirdi.

Bu goldan 4 minut soň Hulian Alwares öz ýarym meýdançasyndan alyp gaýdan topuny derwezä girizdi. Şol pursatda horwatiýaly goragçylar topy daşlaşdyrjak bolan 2 synanyşygynda-da top Alwaresde galdy.Duşuşygyň 1-nji ýarymy 2-0 hasabynda tamamlandy. 2-nji ýaryma 2 oýunçy çalşygy bilen başlan horwatlaryň bu taktikasy oňyn netije bermedi.

Oýnuň 69-njy minutynda bolsa Lionel Messi top bilen bir yza, bir öňe hereket edip, horwatlaryň täze ýyldyzy, goragçy Gwardiolyň başyny-gözüni aýlap, beren pasyndan soň Alwares 3-nji goly derwezä girizdi.

Bu duşuşykdaky soňky gol boldy.

Argentina ýarym finalda utulanok

Şunlukda, Lionel Messi we ýoldaşlary 6-njy gezek finala çykmagy başardy.Olara finala çykmakda Germaniýadan soň 2-nji ýeri eýeleýär.Argentinanyň ýygyndysy şu wagta çenli ýarym finalda ýeke gezek ýeňlişe sezewar bolmady.

Duşuşykda 1 asist edip, 1 gol geçiren Lionel Messi şu çempionatda 4-nji gezek duşuşygyň ýyldyzy saýlandy.Ol umumylykda 10-njy gezek bu hormata laýyk görlüp, bu ugurda öňde barýar.

Galyberse-de, Lionel Messi Dünýä Kubogynda 25-nji duşuşygyny geçirip, bu ugurda Lotar Matteusyň rekordyna şärik boldy.Ol finalda oýnan ýagdaýynda rekordy öz adyna geçirer.

Russiýa 2018-de toparçalarda Argentinany 3-0 ýeňen Horwatiýa bu gezek şol hasap bilen ýarym finalda asgyn geldi.

Ýene degişli makalalar

“Altyn top” baýragyna 8-nji gezek Lionel Messi laýyk görüldi
16 duşuşyk 48 gol
“FIFA The Best” baýraklarynyň dalaşgärleri mälim edildi
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
Ýylyň iň köp pul gazanan türgenleriniň sanawynda futbolçylar öňdeligi eýeleýär
Argentina Fransiýa: 3-nji çempionlygyň finaly