Messiniň 34-nji het-trigi

Ispaniýanyň “La Ligasynda” öňdebaryjylar “Barselonadyr” “Real Madrid” 3 utugy 4 golly ýeňiş bilen gazandy.Messiniň het-trik eden oýnunda “Barselona” öz meýdançasynda “Seltany” 4-1 ýeňdi. “La Ligadaky” 34-nji het-trigi hasaba alnan Messi bu ugurda Kristiano Ronaldo bilen deňleşdi. “Eýbary” 40 ýeňen “Real Madridiň” gollaryny Benzema (2), Ramos hem-de Walwerde derwezä girizdi.

Sewilýa şäheriniň “El Gran” derbisinde-de “Sewilýa” topary myhmançylykda “Betisi” 21 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.* * *Angliýanyň çempionatynda 12-nji tapgyryň merkezi duşuşygynda sanawyň lideri “Liwerpul” öz meýdançasynda “Mançester Sitini” 31 hasabynda ýeňdi.

Fabinionyň, Salahyň hem-de Maneniň gollary bilen ýeňşini baýram eden “Liwerpul” 8 utuk öňe saýlandy.Tapgyryň ýene bir esasy duşuşyklarynyň birinde “Lester Siti” öz meýdançasynda “Arsenaldan” Wardi we Maddisonyň gollary bilen 20 üstün çykdy.

Bu ýeňişden soň, “Lester” 2-nji, “Kristal Palasy” 20 ýeňen “Çelsi” bolsa, 3-nji orna beýgeldi.* * *Italiýada “Ýuwentus” öz meýdançasynda “Milany” Ronaldonyň ornuna meýdança giren Paulo Dibalanyň ýeke-täk goly bilen 10 utdy. “Serie A-da” 3 oýnuň 00 gutaran tapgyrynda “Kaliari” öz meýdançasynda “Fiorentinany” 52 ýeňdi.

Paýtagtyň “Lasiosy” Rimde “Leççeden” 42 üstün çykan bolsa, “Roma” myhmançylykda “Parmadan” 20 asgyn geldi.* * *Germaniýanyň “Bundesligasynda” “Der Klassiker” derbisinde “Bawariýa” öz meýdançasynda Dortmundyň “Borussiýasyny” 40 utdy.Gollaryň 2-sini Lewandowski, beýlekileri-de Gnabri bilen Hummels öz derwezesinden geçirdi.

Bu duşuşykda-da tapawutlanan Lewandowskiniň çempionatdaky gollarynyň sany 16-a ýetdi.Mundan öňki tapgyrda “Maýnsy” 80 ýeňen “Leipsig” bu gezek myhmançylykda “Hertdan” 42 üstün çykdy.Gollaryň ikisini Timo Werner derwezä girizdi. Çempionatda “Werderi” 31 ýeňen “Borussiýa M” toparynyň liderligi dowam edýär.* * *Fransiýanyň çempionatynda PSŽ myhmançylykda “Brestden” Di Mariýa we Ikardiniň gollary bilen 21 üstün çykdy.

Tapgyryň merkezi oýnunda-da “Marsel” Dmitri Paýetiň gollary bilen “Liony” 21 ýeňdi.* * *Russiýanyň “Premier” ligasynda “Zenit” myhmançylykda “Arsenal Tulany” Serdar Azmunyň 63-nji minutdaky goly bilen utdy. “Lokomotiw” bolsa, öz meýdançasynda “Krasnodar” bilen 11 deňme-deň oýnap, 2 utuk ýitirdi.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
Dünýä Kubogyna 54 gün galdy
“Serie A-nyň” täze möwsümi
Ronaldo 5-nji orna geçdi
1-nji ýarymda “Milan”, 2-nji ýarymda “Inter”
Günüň transfer täzelikleri