Meta öz wirtual walýutasyny döretmek isleýär

Meta öz wirtual walýutasyny döretmek isleýär

Meta kompaniýasynyň maliýe bölümçesi “metaälem” üçin kompaniýanyň içindäki işgärler tarapyndan Zuck Bucks diýlip atlandyrylan wirtual walýutasyny döretmek mümkinçiligine seredýär. Bu barada çeşmelere salgylanyp, “Financial Times” neşiri ýazýar. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, Meta alternatiw girdeji çeşmelerini we kompaniýanyň Facebook hem-de Instagram ýaly esasy programmalarynyň meşhurlygynyň peselýändigi sebäpli ulanyjylary özüne çekip we saklap biljek täze funksiýalary gözleýär.Neşiriň belleýşi ýaly, Zuck Bucks blokçeýnde esaslandyrylan kriptowalýuta bolmasa gerek.

Meta öz programmalaryna kompaniýa tarapyndan gözegçilikde saklap boljak NFT-tokenlerini ornaşdyrmaga çalyşýar.Bu tokenler oýun programmalarynda ulanylýanlara meňzeş bolar.Mysal üçin, Roblox onlaýn oýnundan Robux walýutasy. Şeýle-de, kompaniýa ulanyjylaryň Facebook-yň ösüşine goşan goşandy üçin sylag hökmünde alyp biljek “sosial tokenler” ýa-da “abraý tokenleri” diýlip atlandyrylýan tokenleri döredip biler. Çeşmeleriň habar bermegine görä, häzirki wagtda bu başlangyç maslahatlaşmagyň irki tapgyryndadyr.

Meta maý aýynyň ortalarynda Facebook-da NFT-tokenlerini ýerleşdirmek we alyş-çalyş etmek boýunça synag taslamasyny işe girizmegi meýilleşdirýär diýlip, materialda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä Banky dünýä jemgyýetçiligini Afrika üns bermäge çagyrdy
“The Financial Times” ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
The Financial Times ýylyň iň täsirli zenanlarynyň sanawyny düzdi
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Finlýandiýa Ukraina esger iberip biler
Hindistanly milliarder Londondaky iň gymmat öýi satyn aldy
BSGG-niň bilermeni COVID-19 ýokanjynyň gelip çykyşynyň tebigydygyny çaklaýar