Microsoft 2024-nji ýylda täze operasion sistemany hödürlemegi meýilleşdirýär

Microsoft 2024-nji ýylda täze operasion sistemany hödürlemegi meýilleşdirýär

Microsoft kompaniýasy üç ýyldan bir gezek Windows operasion sistemalaryň täze esasy wersiýalaryny çykarmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň täze önümlerine ýöriteleşýän “Windows Central” neşiriniň habar bermegine görä, täze OS 2024-nji ýylda çykarylar. Bu barada TASS belleýär.

Neşiriň maglumatlary boýunça, öň täze operasion sistemany 2023-nji ýylda çykarmak meýilleşdirilipdi. Şeýle-de, Microsoft indiki ýyl esasy täzelenmelerden daşary ýylyň dowamynda goşmaça funksiýalaryň girizilmegine mümkinçilik berjek täze prosesi ýola goýmagy meýilleşdirýär. Şeýle üýtgeşmeleri ýylda dört gezege çenli girizip bolar diýlip çaklanylýar. Ýatlap geçsek, Microsoft soňky Windows 11 operasion sistemasyny 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda çykardy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
Bütin dünýäniň sabyrsyzlyk bilen garaşýan tutluşygy
Önümçilik 3 esse artar
Uçýan ýel bekedi
Türkmen wekiliýeti London we Daşkent şäherlerinde geçiriljek atly ýaryşlara gatnaşar
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDE ŞU ÝYLYŇ ÝANWAR-APREL AÝLARYNDA DIM TARAPYNDAN AMALA AŞYRYLAN IŞLERINIŇ NETIJELERI BARADA HASABAT BERILDI