Microsoft kompaniýasy Google bilen bäsleşmek üçin ykjam goşundy döretmekçi

Microsoft kompaniýasy Google bilen bäsleşmek üçin ykjam goşundy döretmekçi

Amerikanyň Microsoft IT-kompaniýasy internet-mahabatyň bazarynda Googleniň agalygyny çäklendirmek maksady bilen, täze, aňrybaş derejedäki ykjam goşundy döretmek kararyna geldi diýip, Seeking Alpha habarlar gullugyna salgylanýan Gazeta.ru ýazýar.

Microsoftyň täze goşundysy tölegli hyzmatyň ähli işini özünde birleşdirer, onda messenjer, gözleg, täzelikler lentasy, ykjam oýunlar we beýlekiler ýerleşer. Şeýtmek bilen, kompaniýa Google kompaniýasynyň internet mahabaty bazaryndaky paýyny almakçy bolýar. Bu hyzmatlar kompaniýanyň Bing gözleg hyzmatynda hem-de Teams messenjerinde elýeterli bolar.

Habara görä, Microsoft kompaniýasyny bu başlangyja Russiýanyň 2019-njy ýylda Yandex Go goşundysyny işe goýberen Yandex kompaniýasy ruhlandyrypdyr. Bu babatda şeýle hem HHR-niň ýüz müňlerçe raýatlarynyň ulanýan WeChat messenjeriniň ady agzalýar, bu hytaý messenjeri özüne köpsanly hyzmatlary birleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Dünýädäki iň iri garaşsyz gazna 30 milliard dollaryny ýitirdi
Dünýä bazarynda öňdebaryjy 10 kompaniýanyň paýy iň ýokary derejä ýetdi
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri köpeldi
Bloomberg: IBM kompaniýasy 4 müň işgärini boşatmakçy
Google 12 Müň Adamy Işden Çykarar
“Apple” üç trillion dollarlyk sepgitden geçdi, dünýäniň iň gymmat 10 kompaniýasy