Microsoft Office-iň ady Microsoft 365 diýip üýtgediler

Microsoft Office-iň ady Microsoft 365 diýip üýtgediler

Microsoft kompaniýasy öz möhüm önüminiň — Microsoft Office programma paketiniň çynlakaý rebrendingini geçirmek kararyna geldi.

Microsoft Office-iň peýda bolanyna 30 ýyldan gowrak wagt geçensoň ony Microsoft 365 diýip üýtgetdiler.Excel, Outlook, Word we PowerPoint ýaly öwrenişilen goşundylar hiç ýere gitmez, olaryň ady şol durşuna galar. Ýöne olar indi Microsoft 365 programma pakediniň bir bölegi bolarlar. Şeýle-de, kompaniýa ýakyn wagtda logotipini, dizaýnyny üýtgeder we täze funksiýalary goşar.

Mälim bolşy ýaly, Microsoft 365 täze bir at däl.Ol Office 365 pakediniň adynyň üýtgedilmeginiň netijesinde peýda boldy.Logotipdäki we dizaýndäki ilkinji üýtgeşmeler Office.com saýtynda noýabrda peýda bolar, ýanwar aýynda bolsa Windows, iOS we Android üçin Office goşundysynyň rebrendingi çykar.

Netijede, Microsoft 365-iň ganatynyň astyna şertli köne we täze goşundylar: Teams, Word, Excel, PowerPoint, Outlook, Loop, Clipchamp, Stream we täze Microsoft Designer jemlener. Şonuň bilen birlikde, Microsoft Office gutarnykly ýitip gitmez.

Microsoft Office 2021-iň we Office LTSC-iň meýilnamasynyň çäklerinde ulanyjylar we kärhanalar üçin Office goşundysynyň bir gezeklik pakedini satyn almagy teklip etmegini dowam eder.Belki-de bu wagtlaýyn çäre bolsa gerek.

Ýene degişli makalalar

Microsoft kompaniýasy Google bilen bäsleşmek üçin ykjam goşundy döretmekçi
5-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy täzelikleri Turkmenportal
Dünýäde iň köp satylýan oýun belli edildi
“Microsoft” Gazagystanda köp sebitli merkez açar
ABŞ-da bahasy 2,5 milliard dollar bolan robot-gumanoid döredildi
Tehnologiýa kompaniýalarynyň girdejileri köpeldi
Aşgabatdaky KIBERone programmirleme mekdebi tölegsiz okuwlara gatnaşyp görmäge çagyrýar