Milan CAFA Nation's Cup 2023-de gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär

Milan CAFA Nation's Cup 2023-de gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär

Italiýanyň Milan kluby CAFA Nation's Cup halkara ýaryşynda gatnaşýan hüjümçini düzümine goşmak barada pikirlenýär. Has takygy, italýan topary Eýranyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Mehdi Taremini satyn almak mümkinçiliklerini seljerýär.

Ýeri gelende bellesek, Mehdi Taremi häzirki wagtda Portugaliýanyň Portu toparynda çykyş edýär. Portugal topary geçen möwsümde içerki çempionatda iň netijeli oýunçy bolan Taremini satmak barada pikir edenok.

Emma oýunçynyň şertnamasynyň bir ýyldan soňra tamamlanýandygy Milandan amatly teklip gelen halatynda Portunyň ýolbaşçylaryny ylalaşyga razy edip biler.

Şol bir wagtyň özünde Milan hüjümi güýçlendirmek üçin Mýunhengladbahyň Borussiýa toparynda oýnaýan Markus Týuram hem-de West Hemiň hüjümçisi Janluka Skamakka bilen hem gyzyklanýar

Ýene degişli makalalar

Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Gypjak dili döwründe ýazylan eserler
Dünýä habarlary gysga setirlerde
Ýewro-2020: Ukraina 120-nji minutda gol geçirip, Şwesiýadan üstün çykdy
2033-nji ýylda önümçiligi duruzylar
115-nji Britan derbisinde gol ýok