“Milan” gol geçirmegi ýatdan çykardy

UEFA Çempionlar Ligasynda “E” toparçada “Feýenoord” öz meýdançasynda “Lasiony” Himenesiň 2 gol geçiren oýnunda 3-1 hasabynda utdy. Myhmançylykda “Seltik” bilen duşuşan “Atletiko Madrid” 1 utuga razy boldy. Çekeleşikli geçen oýunda ýeňiş gazanan bolmady (2-2). Ýer eýeleri şotlandlaryň gollaryny Furuhaşi (4) bilen Palma (28), ispan toparynyň gollaryny bolsa Grizmann (25) bilen Morata (53) geçirdi.

“F” toparçada tapgyryň iň esasy oýnunda “Pari Sen Žermen” Parižde “Milanyň” derwezesinden jogapsyz 3 gol geçirdi.Gollary 32-nji minutda Mbappe, 53-nji minutda Kolo Muani hem-de 89-njy minutda Li Kan-in derwezä girizdi. 2-nji ýeňşini gazanan PSŽ 1-nji orna beýgeldi. 2 utugy bolan “Milan” Çempionlar Ligasynda bassyr 5 duşuşykdan (geçen möwsümde 2 ýarym final duşuşygy hem bar) bäri geçirip bilenok.

Ol şeýle antirekorda eýe bolan ilkinji italýan kluby hökmünde hasaba alyndy.PSŽ taryhynda resmi duşuşyklarda Milany ilkinji gezek ýeňlişe sezewar etdi.

Dortmundyň “Borussiýasy” myhmançylykda “Nýukasly” Nmeçanyň 45-nji minutdaky ýeke-täk goly esasynda 1-0 ýeňip, Angliýadan ýeňiş bilen dolandy.

Ýene degişli makalalar

“Atletiko” “Seltigi” derbi-dagyn etdi
Ramosyň 100-nji goly, “Bawariýanyň” yzly-yzyna 14-nji ýeňşi
EUR0 2020-ä badalga berildi
Futbol taryhynyň iň gymmat transferi
Finalda “El Klasiko” däl, “Madrid” derbisi
“Barselona” Messisiz, “Ýuwentus” kynlyk bilen ýeňiş gazanyp, 2-nji tapgyra çykdy