“Atletiko” “Seltigi” derbi-dagyn etdi

UEFA Çempionlar Ligasynda “E” toparçasyndaky 4-nji duşuşyklarda ýer eýeleri ýeňiş gazandy.Madridde “Atletiko şotlandlaryň çempiony “Seltigi” kabul edip, garşydaşyny 6-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Ispan klubunyň uly hasaply ýeňiş gazanmagyna “Seltik” toparynyň ýaponiýaly oýunçysy Daizen Maedanyň 23-nji minutda gönümel gyzyl kart almagynyň täsiri uly boldy. “Atletiko Madride” Çempionlar Ligasyndaky iň uly hasaply ýeňşini gazandyran gollary Grizmann (6, 60), Morata (45+2, 76), Lino (66) hem-de Saul geçirdi. “Atletiko” mundan öň bu ýaryşyň irki ýyllarynda, 1958-nji ýylda 1-nji saýlama tapgyrynda Irlandiýanyň Drumkondra toparyny 8-0 ýeňipdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda “Lasio” ýyldyz hüjümçisini Immobileniň 45+1-nji geçiren ýeke-täk goly bilen “Feýenoordy” 1-0 utdy. Bu gol Immobileniň klubdaky 200-nji goly hökmünde hasaba alyndy (310-njy duşuşyk).

Toparçada “Atletikonyň” 8, “Lasionyň” 7, “Feýenoordyň” 6, “Seltigiň” 1 utugy bar.

Ýene degişli makalalar

“Milan” gol geçirmegi ýatdan çykardy
Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar
Messiniň täze rekordlary, Luçesku iň ýaşuly tälimçi
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
16 duşuşyk 48 gol