“Milan” “Ýuwentusy” derbi-dagyn etdi

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da tapgyryň iň esasy oýnunda “Milan” myhmançylykda “Ýuwentusy” Diaz, Rebiç we Tomoriniň gollary bilen 3-0 ýeňdi. 10 ýyldan soň ezeli bäsdeşini myhmançylykda ýeňmegi başaran “Milan” 3-nji orna geçdi, Ýuwentus” 5-nji orna düşdi.

Duşuşykda “Milanyň” ýarymgoragçysy Frank Kessi penalti urgusyndan peýdalanyp bilmedi. Çempionlygyny geçen tapgyrda yglan eden “Inter” öz meýdançasynda “Sampdoriýany” 5-1 hasabynda utdy. 7 goluň geçirilen oýnunda “Atalanta” myhmançylykda “Parmadan” 5-2 üstün çykdy.

Bu ýeňlişden soň “Parma” aşaky liga düşdi.

Ýene degişli makalalar

“Milan” 15 ýyldan soň çärýek finala çykyp bilmedi
29 ýyldan soň UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da italýan klublary finalda
3-nji gezek Super Kubogy eýeledi
“Serie A”-da öňdebaryjy toparlaryň iň kiçi hasaply ýeňişleri
“Serie A”-da 13-nji tapgyrdan soň üýtgän zat ýok
Öňünden çykany ýeňýär, gezek “Real Madridde”