29 ýyldan soň UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da italýan klublary finalda

Soňky ýyllarda UEFA-nyň ýaryşlarynda juda seýrek çempionlyk gazanan italýan klublary finala-da juda seýrek çykýardy. Ýöne bu möwsüm italýan klublary üçin diýseň üstünlikli dowam edýär.Häzirki wagtda UEFA-nyň klub ýaryşlarynyň 3-sinde hem italýan klublary finalyň bir tarapy bolup durýar.

UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym finalda “Milandan” üstün çykan “Inter” 13 ýyldan soň finala çykmagy başardy.Stambuldaky finalda “Inter” “Mançester Siti” bilen duşuşar.

UEFA-nyň 2-nji derejeli ýaryşy bolan Ýewropa Ligasynda “Roma” kubogy iň köp gazanan “Sewilýa” bilen finalda güýç synanyşar. UEFA-nyň täze bäsleşigi bolan Ýewropa Konferensiýa Ligasynda-da “Fiorentina” kubogy eýelejek 2-nji italýan kluby bolmak üçin finalda “West Ham” bilen duşuşar.

Soňky gezek UEFA-nyň ýaryşlarynda 3 italýan kluby 1997/98 möwsüminde finala çykypdy. UEFA Çempionlar Ligasynda “Ýuwentus” bilen “Real Madrid” duşuşyp, ispan kluby ýeňiş gazanypdy. Şol wagtky ady UEFA Kubogy bolan Ýewropa Ligasynyň finalynda-da italýanlaryň 2 kluby “Inter” bilen “Lasio” duşuşyp, milanlylar 3-0 rimlilerden üstün çykypdy.

Italýan klublary UEFA-nyň 3 ýaryşynda bir möwsümde bilelikde mundan öň 4 gezek finala çykdy.Bu gezekki olaryň 5-nji synanyşygy bolar.Ilkinji gezek 1988/89 möwsüminde Çempionlar Ligasynda Rumyniýanyň “Stýaua” toparyny 4-0, UEFA Kubogynda “Napoli” Germaniýanyň “Ştutgart” toparyndan 2 oýnuň netijesi boýunça üstün çykypdy (2-1, 3-3). “Sampdoriýa” bolsa Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Barselonadan” 2-0 utulypdy.

Italýan klublary şol başarnygyny indiki möwsümde-de, ýagny 1989/90 möwsüminde-de ýene bir klub artdyryp, gaýtalaýar we 3 ýaryşda çempionlyk gazanýar.Bu olaryň bir möwsümde 3 ýaryşda-da çempionlyk gazanan ilkinji we häzirlikçe ýeke-täk möwsümi bolýar. “Milan” Çempionlar Ligasynda “Benfikany” 1-0 ýeňýär.

UEFA Kubogynda bolsa 2 italýan kluby duşuşyp, “Ýuwentus” “Fiorentinany” 2 oýnuň netijesine görä ýeňlişe sezewar edýär (3-0, 0-0).Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynda 1 möwsüm öň “Barselonadan” utulan “Sampdoriýa” şu ýylyň ýanwarynda aradan çykan meşhur ýyldyzy Janluka Wialliniň gollary bilen “Anderlehti” 2-0 ýeňip, kubogy asmana göterýär.

Italýan klublary 1992/93 möwsüminde-de UEFA-nyň şol wagtky 3 klub ýaryşynda finalda çykyş edýär.UEFA-nyň 1-nji derejeli ýaryşy UEFA Çempionlar Ligasy adyny alan ilkinji möwsüminde “Milan” finalda “Marsel” bilen duşuşyp, 1-0 asgyn gelýär.

UEFA Kubogynda “Ýuwentus” Dortmundyň “Borussiýasyny” 2 ýerde-de 3-1 we 3-0 hasaplar bilen ýeňlişe sezewar edýär.Kubokçylaryň Kubogy bäsleşiginde bolsa, “Parma” Belgiýanyň “Antwerpen” toparyny 3-1 hasabynda utýar.

Italýan klublary UEFA-nyň 3 ýaryşynda-da bir wagtda soňky gezek 1993/94 möwsüminde finalda oýnapdy. Şol möwsüm Çempionlar Ligasynda “Milan” Afinyda “Barselonany” 4-0, UEFA Kubogynda “Inter” topary “Austria Salsburgy” (häzirki “RB Salsburgy”) 2 ýerde-de 1-0 ýeňýär. “Parma” bolsa Kubokçylaryň Kubogy ýaryşynyň finalynda iňlisleriň “Arsenalyndan” asgyn gelýär.

Şu möwsümde italýan klublarynyň 3-si hem çempionlyk gazanan ýagdaýynda, 33 ýyldan soň 2-nji gezek UEFA-nyň 3 kubogy hem italýan klublarynyň oýunçylarynyň ellerinde asmana göteriler. Ýöne final oýunlarynyň faworiti bolmaz diýilse-de, Çempionlar Ligasynda “Mançester Siti” garşydaşyna garanyňda, 1 ädim öňde hasaplanýar. “Romanyň” garşydaşy bu kubogyň hojaýyny “Sewilýa” bolsa-da, Mourinionyň mundan öňki finallarda utulmandygyny hem belläliň.

Italýan klublary UEFA-da gazanan soňky 2 kubogyny-da portugaliýaly hünärmeniň tälimçiliginde almagy başardy (“Inter” 2010, “Roma” 2022). “Fiorentina” bilen “West Ham” bolsa finalyň deňeçerräk hasaplanýan taraplarydyr.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasy barada gyzykly maglumatlar
“Milan” “Ýuwentusy” derbi-dagyn etdi
Ronaldo 5-nji orna geçdi
50 oýundan soň, ilkinji gezek
“Ýuwentusyň” yzly-yzyna 9-njy çempionlygy
“Serie A-nyň” täze möwsümi