6 iňlis klubunyň 5-si 1/8 finala çykdy

6 iňlis klubunyň 5-si 1/8 finala çykdy

UEFA Çempionlar Ligasynda 2025/26 möwsüminiň liga tapgyry tamamlanyp, 1/8 finala çykanlar, pleý-offda çykyş etjekler hem-de ýaryş bilen hoşlaşanlar belli boldy.Bir wagtda başlanyp, janköýerler üçin futbol baýramçylygyna öwrülen 18 duşuşyk tamamlanýança klublaryň orunlary üýtgäp durdy.

Geçirilen ýa-da geçirdilen ýekeje gol toparlaryň ykbalyna täsir etdi. 90-njy minutlardan soň derwezä urlan gol klublaryň käbirini ýaryşda saklan bolsa, käbirini ilkinji 8-likden çykardy, käbir klub bolsa ýaryşyň daşynda galdy.

18 duşuşykda 61 gol hasaba alnyp, 7 duşuşykda myhmanlar, 9 oýunda ýer eýeleri ýeňiş gazandy. Biri golsuz 2 duşuşyk deňlikde tamamlandy. Iňlis klublarynyň 5-si ýeňiş gazanyp, diňe “Nýukasl” deňme-deň oýnady. Ispan klublaryndan diňe “Barselona” ýeňiş gazanyp, beýleki 4-si ýeňlişe sezewar boldy. Italýan toparlaryndan hem diňe “Intere” ýeňiş gazanmak başartdy.

Iňlis klublarynyň 5-si ilkinji 8-lige düşmegi başardy. Italiýadyr Germaniýadan, Fransiýadan 1, Ispaniýadan 2 klub ýaryş bilen hoşlaşdy. Niderland toparlarynyň 2-si üçinem ýaryş tamamlandy. Belgiýadan gatnaşýan 2 toparyň biri, şol sanda Daniýanyň, Gazagystanyň, Kipriň, Çehiýanyň şu ýaryşdaky wekilleri üçinem ýaryş wagtyndan ir gutardy.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
16 duşuşyk 48 gol
33 oýundan soň gol geçirdi, ýöne ýeňşe peýdasy bolmady
Soňky 10 ýylda 11-nji gezek ýarym finalda
“Boxing Day”-iň ýeke duşuşygynda ýeke gol
“Liwerpul”, “Mançester Siti” hem-de “Tottenham” täze ýyla golsuz başlady