“Milanyň” 11 ýyldan soň 19-njy çempionlygy

Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň 120-nji möwsümi “Milanyň” çempionlygy bilen tamamlandy.Soňky tapgyra geçen möwsümiň çempiony “Interden” 2 utuk öňde başlan “Milan” myhmançylykda özüne hemişe kynçylyk döredýän “Sassuolo” bilen duşuşdy. “Milana” bu duşuşykda çempionlyk üçin deňlik hem ýeterlikdi. Ýöne Stefano Pioliniň şägirtleri işi başdan berk tutup, eýýäm birinji ýarymda 3 gol geçirdiler.

Gollaryň ikisini Oliwie Žiru (17, 32), beýlekisini-de “Milandaky” soňky duşuşygyny geçiren Frank Kessie (36) derwezä girizdi.Gollaryň üçüsiniň pasyny-da Rafael Leao berdi. Şeýlelikde, “Milan” öz meýdançasynda “Sampdoriýany” 3-0 (Perişiç 49, Korrea 55, 57) ýeňen “Inter” bilen arasyndaky 2 utuk aratapawudy saklamagy başardy we 11 ýyldan soň 19-njy Skudettosyny gazanmagyň hötdesinden geldi. Ýeri gelende aýtsak, “Inter” hem geçen möwsümde 11 ýyldan soň 19-njy çempionlygyny gazanypdy.

Çempionatda “Napoli” 3-nji, “Ýuwentus” 4-nji ýeri eýeläp, olar täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşarlar. “Lasio” bilen “Roma” çempionaty 5-6-njy orunlarda tamamladylar we Ýewropa Ligasyna wekilçilik ederler.

Soňky tapgyrda myhmançylykda “Wenesiýa” bilen golsuz deňme-deň oýnan “Kaliari” 2-nji liga düşen 3-nji topar bolup, ondan öň “Jenao” bilen “Wenesiýa” “Serie B” düşüpdi. Başgaça aýdylanda, “Wenesiýa” topary “Kaliarini” öz ýany bilen aşaky liga alyp gitdi. “Udinezeden” öz meýdançasynda 4-0 utulan “Salernitana” bolsa “Kaliariniň” deňme-deň oýnamagyndan soň ligada galdy.

27 gol geçiren Çiro Immobile 4-nji gezek “Serie A”-nyň iň netijeli futbolçysy boldy.

Ýene degişli makalalar

Öňdebaryjylaryň uly hasaply ýeňişleri
“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar
Möwsümdäki ilkinji ýeňşi
50 oýundan soň, ilkinji gezek
Bawariýa, Mançester Siti, Çelsi, Sewilýa, Barselona, Ýuwentus 1/8 finala çykdy
“Borussiýa Dortmund” 1/8 finalda, Ronaldonyň 750-nji goly we beýleki hasabatlar