Milletler ligasynda Dörtleriň finaly Italiýada geçiriler

Milletler ligasynda Dörtleriň finaly Italiýada geçiriler

Italiýa 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Milletler ligasynda “Dörtleriň finalyny” kabul eder. Bu barada news.sportbox.ru belläp geçýär.

Ýewropanyň futbol assosiasiýalary bileleşiginiň (UEFA) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, A diwizionynyň 1-nji toparyna wekilçilik edýän üç assosiasiýa: Italiýa, Niderlandiýa we Polşa ýaryşyň jemleýji tapgyryny geçirmäge gyzyklanma bildirdi. Kwartetiň ýeňijisi pleý-off oýunlaryny geçirmek hukugyny almalydy. Ol 12 utuk gazanan Roberto Mançininiň topary boldy.

“Dörtleriň finalynyň” geçiriljek ýeri resmi taýdan 3-nji dekabrda UEFA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisinde tassyklanylar. Şol günde ýarym final jübütleriniň bije atyşlygy hem bolar. Pleý-offda Italiýa, Fransiýa, Belgiýa we Ispaniýa oýnar.

Ýarym final oýunlary 6-njy we 7-nji oktýabrda, 3-nji orun üçin we final oýunlary aýyň 10-yna geçiriler. Ilkibaşda “Dörtleriň finalyny” 2021-nji ýylyň 2-nji iýunyndan 6-njy iýun aralygynda geçirmek meýilleşdirilipdi, ýöne pandemiýa sebäpli möhlet oktýabr aýyna süýşürildi.

Ýatlap geçsek, Milletler ligasynyň häzirki ýeňijisi Portugaliýadyr.

Ýene degişli makalalar

Fransuz kluby üçin garaşylmadyk netije
EURO 2024-iň bijeleri 2-nji dekabrda çekiler
“Türkmenistan Sport” teleýaýlymynda Ispaniýanyň futbol çempionatynyň pleý-off oýunlary görkeziler
Çempionlar ligasynyň formatyna üýtgetmeler girizildi
Ýewropanyň öňdebaryjy klublary Super liganyň döredilendigini habar berdiler
Ýewropa ligasynyň pleý-off tapgyryna gatnaşyjylaryň hemmesi belli boldy
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň torbalary belli boldy