MILLI BAHAR BAÝRAMY- KÖŇÜLLERIŇ AÝDYMY

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen okgunly öňe barýan ezizi diýarymyz, gün-günden ösýär, özgerýär, dünýä derejesinde öňe barýar.Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde her bir günümiz toýdur-baýramlara şanly senelere beslenýär. 2026-njy “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny maksat edinip, her ýylyň 21, 22-nji martynda türkmen halky Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik bilen garşylaýar. ýurdumyzyň ähli künjeklerinde halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly, özboluşly däp-dessurlara ygrarlylygy alamatlandyrýan dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylyp, Halkara Nowruz güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri, sergiler, konsertler medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ilerletmäge hem goşant goşýar.

Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Milli bahar baýramy- köňülleriň aýdymy” atly maslahat geçirildi.Bu maslahata Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetinde zähmet çekýän hünärmenler we Aşgabat şäherindäki baýry ýokary okuw jaýlary bolan S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen döwlet Maliýe institutynda zähmet çekýän mugallymlar we bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Olar maslahatyň dowamynda yzygiderli çykyş edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz baýramy dialogyň, medeniýetleriň özara gatnaşygynyň, raýdaşlyk hem-de dost-doganlyk ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň aýdyň mysalydygyny, baharyň gelmegini, tebigatyň janlanmagyny, topragyň hasyllylygyny, abadançylygy alamatlandyrýan bu baýram halklaryň parahatçylyga, döredijilige ymtylmasyny şöhlelendirýändigini belläp geçdiler.

Maslahatyň soňunda Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.Hallygözel GURBANGELDIÝEWA Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
Türkmenistanly talyp Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby diýen hormatly ada mynasyp boldy
AHLAK TERBIÝESI YNSAN GÖZELLI
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow: — Biziň esasy maksadymyz halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr
BEDEW BATLY, AT-MYRATLY, DIÝARYM!
GARAŞSYZLYK BAKY BAGTYŇ AK ÝOLY
NUSGAWY EDEBIÝAT WE AÝDYM-SAZ SUNGATY