Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi bilen bilelikde Türkmen zenanlarynyň, gyz-gelinleriniň edep ekramlylygyny, sözleýiş medeniýetini, el işlerini, maşgala mukaddesligini, ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini, zenanlaryň el işlerini ýaş nesillere wagyz etmek maksady bilen Milli mirasymyz dowamat-dowam atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi hem-de muzeý gymmatlyklaryndan sergi gurnaldy Her bir halkyň medeniýeti onuň milli aýratynlyklaryny şöhlelendirýän, halkyň geçmişini şu güni we geljegi bilen baglaýan gymmatlyk halkasy hökmünde çykyş edýär.
Medeni miras halkyň gelip çykyşyny, taryhyny we ýaşaýyş-durmuş şertlerini aýdyň görkezýär.Häzirki döwürde milli mirasymyza uly üns berilýär.Taryhy ýadygärlikler dikeldilýär, milli senetçilik ösdürilýär, halk aýdymlary we milli oýunlar ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilýär.
Bu işler halkymyzyň ruhy baýlygyny has-da berkitmäge ýardam edýär.Milli mirasy öwrenmek we oňa hormat goýmak Watana bolan söýgini güýçlendirýär. Şonuň üçin hem her bir ýaş öz halkynyň taryhyny, däp-dessurlaryny we medeniýetini öwrenmäge çalyşmalydyr. Şeýlelikde, milli mirasymyz nesilden-nesle geçip, dowamat dowam eder.
Milli mirasymyz halkymyzyň taryhy, däp-dessurlary, dili, edebiýaty we medeni gymmatlyklarydyr.Ata-babalarymyzdan galan bu baý mirasy gorap saklamak we geljek nesillere ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr.
