Ministr R.Meredow TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Ministr R.Meredow TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

17-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow TRACECA Hökümetara komissiýasynyň Hemişelik sekretariatynyň Baş sekretary Aset Asawbaýew bilen duşuşyk geçirdi-diýip, TDIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we Hökümetara komissiýanyň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Sebitiň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini döretmekde we giňeltmekde Türkmenistanyň işjeň orny bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, ulag-üstaşyr geçelgeleriniň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen TRACECA-nyň degişli resminamalaryny bilelikde durmuşa geçirmegi dowam etdirmäge türkmen tarapynyň taýýardygy nygtaldy.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Ýewropa, Gara we Hazar deňizleri, Kawkaz we Aziýa sebitlerinde ykdysady gatnaşyklary, söwda we ulag baglanyşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen Ýewropa - Kawkaz - Aziýa halkara ulag geçelgesini ösdürmek hakynda esasy köptaraplaýyn Ylalaşyga goşulandygy bellenildi.

Taraplar Türkmenistanyň ulag ulgamynyň wekilleriniň gatnaşmagynda bilelikdäki çäreleri geçirmegi dowam etdirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan ilkinji gezek TRASEKA-nyň Hökümetara toparynyň hemişelik sekretariatynyň mejlisine gatnaşdy
Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady
Türkmenistandan Eýrana iberilýän elektrik energiýasyny üç esse artdyrmak meýilleşdirilýär
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Hakan Fidan: "Günbatar Gazadaky gyrgynçylygyň sessiz şärigidir" diýdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri Azerbaýjanyň Prezidenti tarapyndan kabul edildi