Mirza Beknazarowyň Narwa Transy indiki möwsümde Ýewrokuboklara gatnaşar

Mirza Beknazarowyň Narwa Transy indiki möwsümde Ýewrokuboklara gatnaşar

Narwa Trans final duşuşygynda Talliniň Florasyny utup, Estoniýanyň kubogyna mynasyp boldy. Şeýlelikde, topar 2023 ― 2024-nji ýyllaryň futbol möwsüminde Ýewrokuboklara gatnaşmaga hukuk gazandy. Final duşuşygy 2:1 hasabynda tamamlandy.

Ýeňiji toparyň gollaryny 54-nji minutda Aleks Markowiç bilen 81-nji minutda Kim Do Hýon geçirdi. Kuboga mundan ozal 2017-nji we 2022-nji ýyllarda Transyň düzüminde mynasyp bolan Nikita Mihaýlow bolsa Floranyň ýeke-täk goluny geçirdi.

Bu ýeňiş Narwa Transa geljek möwsümde UEFA-nyň Konferensiýalar ligasynyň birinji saýlama tapgyryna gatnaşmak mümkinçiligini berdi.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Narwa Trans Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Mirza Beknazarowy 1+1 ýyllyk düzümine goşdy. Şu aýyň başynda ol Ýewropada işlemäge we Narwa Transyň düzüminde duşuşyklara gatnaşmaga rugsatnama aldy.

Häzir ýarym goragçy Türkmenistanyň milli ýygynysynyň düzüminde Merkezi Aziýanyň çempionatyna gatnaşmaga taýýarlyk görýär.

Ýene degişli makalalar

“Altyn Asyr” “Ahaldan”, “Köpetdag” bolsa “Şagadamdan” üstün çykdylar
Arkadag topary BAE-däki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny ýeňiş bilen tamamlady
Sankt-Peterburg Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýýar, Moskwa sirkiniň aristleri Türkmenistandaky çykyşlarynyň maksatnamasyny açdylar, telekeçiler üçin pensiýa gatançlaryny tölemegiň möhleti gelip ýetdi we beýleki habarlar
Türkmenistan çilimiň we suw çiliminiň şiresiniň bikanun getirilmegine garşy göreşi güýçlendirer, Türkmenistandan iki müňden gowrak zyýaratçy Mekgede haj parzyny berjaý eder, Ogonki ansambly Awazada öz çykyşlaryny görkezer we beýleki habarlar
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Türkmenistan Gazagystana yzygiderli howa gatnawlaryny dikeltdi, Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäreleri geçirildi, Arkadag şäherine we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna ÝHHG-niň güwänamalary gowşuryldy we beýleki habarlar