“Mortal Kombat” filminiň goýberiljek senesi mälim edildi

“Mortal Kombat” filminiň goýberiljek senesi mälim edildi

Rowaýata öwrülen söweş oýny Mortal Kombatyň esasynda täze filmiň surata düşürilýändigi 2019-njy ýylda belli boldy. Soň onuň 2021-nji ýylda çykjakdygy habar edildi, ýöne takyk senäni welin hiç kim aýdyp bilmändi. Indi “Mortal Kombat 2021”-e bagyşlanan hem-de çykjak senesi görkezilen ilkinji bildiriş torda peýda boldy. Bu barada ferra.ru habar berýär.

Şeýlelik bilen, "Warner Bros." kinostudiýasynyň bildirişine görä, täze "Mortal Kombat" şu ýylyň aprel aýynyň 16-synda çykar. Çeşmäniň habaryna görä, filmi döredijiler çykan badyna onuň hem kinoteatrlarda, hem HBO MAX-da görkeziljekdigini tassyklaýarlar.

Bu filmdäki Soni Bleýdiň roly Jessika MakNemi, Lýu Kangyň roly Lýudi Lin, Kanonyň roly bolsa Joş Lawson tarapyndan ýerine ýetiriler.Filme Saýmon Makkuoýd režissýorlyk etdi. Ýeri gelende bellesek, bu film 1995-nji ýylda çykan adybir filmiň täzeden goýberilişi hasaplanylýar.

Ýene degişli makalalar

Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
Kino täzelikleri
Warner Bros II çärýegi arassa ýitgi bilen tamamlady
“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler
Aždarhanyň öýüniň birinji bölümine 10 million adam tomaşa etdi
“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler