Moskwada Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 139 Adama Ýetdi

Moskwada Guralan Terrorçylykly Hüjümde Ýogalanlaryň Sany 139 Adama Ýetdi

Russiýanyň paýtagty Moskwada anna güni agşam konsert zalynda guralan terrorçylykly hüjümde ýogalanlaryň sany 139 adama ýetdi.

Russiýanyň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putiniň gatnaşmagynda geçirlen we terrorçylykly hüjüm meselesine garalan maslahatdan soň beýannama berdi.

Terrorçylaryň konsert zalyna Türkiýe wagty bilen 19.58-de girendigini we 20.11-de binadan çykandygyny aýdan Bastrykin, saklanan terrorçylaryň günäsini boýun alandygyny nygtady.

Russiýanyň Derňew komitetiniň başlygy Aleksandr Bastrykin “Hüjüm sebäpli 139 adam ýogaldy, 75 adamyň şahsyýeti anyklandy. Ýogalanlaryň arasynda 3 çaga bar” diýdi.

Aleksandr Bastrykin hüjümde 182 adamyň hem ýaralanandygyny ýatlatdy.

Paýtagt Moskwada konsert zalynda 22-nji mart agşamy terrorçylykly hüjüm guralypdy.

Konsert zalyna giren hüjümçileriň çem gelen ýere od açandyklary nygtaldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DEAŞ öz üstüne aldy. Hüjüm bilen arabaglanşykly 7 adam saklandy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Harkow Şäherine Guran Hüjüminde 3 Adam Ýogaldy
Russiýa: "Ukrainanyň Brýanska guran hüjüminde 2 adam ýogaldy" diýdi
Hamas, Ysraýyla Degişli 100 Ulagy Hatardan Çykardy
Ukrainanyň goşunynyň Zaparožýe sebitine hüjüm gurandygy bellendi
BMG, Eýran-Ysraýyl Dartgynlygynyň Möwjemegine Alada Bildirýär
Russiýa, Ukraina Garşy Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Fransiýada pyçakly hüjüm guraldy