Mourinýu karýerasyndaky 1000-nji oýunda ýeňiş gazandy

Mourinýu karýerasyndaky 1000-nji oýunda ýeňiş gazandy

Ýaňy-ýakynda portugaliýaly hünärmen Žoze Mourinýu öz karýerasyndaky 1000-nji oýnuny geçirdi. Ol Italiýanyň Seria A çempionatynda "Roma" bilen "Sassuolonyň" arasyndaky oýna gabat gelen ýubileý oýnunda ýeňiş gazanmagy başardy. Bu barada Sport.ru habar berdi.

Oýunda Mourinýunyň ýolbaşçylygyndaky “Romanyň” futbolçylary garşydaşlaryndan 2:1 hasabynda üstün çykdylar. Çekeleşikli geçen duşuşykda rimliler ýeňiş pökgüsini oýnuň esasy bölegine goşulan goşmaça wagtda tora girizdiler.

Mourinýonyň tälim beren toparlary häzire çenli 640 ýeňiş gazandylar, 198 gezek deň oýnadylar we 162 gezek ýeňlişe sezewar boldular. Şol bir wagtyň özünde, geçirilen gollaryň tapawudy 2000:893 görkezijini emele getirdi.

Ýene degişli makalalar

Bir ýyl öňem 10-njy noýabrda wezipesinden boşadylypdy
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
“Atalanta” we “Roma” uly hasaply ýeňişler bilen çärýek finala çykdy
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
“Serie A”-da ýene-de lider üýtgedi
“Inter” ýyly lider tamamlar