MTS Türkmenistandaky işini togtatdy

“MTS-Türkmenistan” mobil operatory resmi saýtynda öz işini togtadandygy barada habar çap etdi.

“Türtkmentelekom” döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasy 29.09. 00.00-da “MTS-Türkmenistan” hojalyk jemgyýetine halkara we şäherara zona aragatnaşygyny we internete baglaýyş hyzmatyny togtatdy, şunuň bilen baglylykda “MTS-Türkmenistanyň” öz abunaçylar ulgamyna we roumingdäki müşderilerine mobil aragatnaşyk hyzmatyny etmek mümkinçiligi ýok.

MTS gepleşik alyp barýar we berilýän hyzmatlary doly möçberinde dikeltmek üçin zerur bolan ähli tagallany edýär” diýip, kompaniýanyň saýtynda aýdylýar.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” ozal habar berşi ýaly, iş rugsatnamasynyň möhletiniň dolýandygy bilen baglylykda, MTS kompaniýasynyň wekilleri maýyň ortasyndan bäri ýurduň häkimiýetleri bilen lisenziýa ylalaşygynyň möhletini uzaltmak barada gepleşik alyp barýarlar.

Iýun aýynda Türkmenistanda “Altyn Asyr” döwlet operatorynyň tehniki bazasynda “Aý Nazar” atly täze öýjükli aragatnaşyk operatorynyň döredilýändigi yglan edildi.

Täze kompaniýa prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň garyndaşlaryna degişli we olar rus operatorynyň gyzy bolup durýan konkurentden dynmaga çalyşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Maryda “Altyn Asyr” arkaly jaň etmek, SMS ibermek, Internetden peýdalanmak kynlaşdy
Türkmenistan rus mobil operatory MTS bilen dawasynda üstün çykdy
Maryda “Altyn Asyryň” mobil aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pese gaçdy
Köneürgençde 'Altyn Asyr' aragatnaşyk hyzmatlarynyň hili pes bolmagynda galýar
Türkmenistanyň “Altyn asyr” mobil operatorynyň bölümlerinde uly nobatlar döreýär
MTS-Türkmenistan ulanylmadyk pul serişdelerini gaýtaryp başlady
“MTS-Türkmenistan” müşderileriniň pullaryny nagt däl görnüşde yzyna gaýtarýar