Müsür Sues kanaly boýunça gatnawyň töleglerini ýokarlandyrýar

Müsür Sues kanaly boýunça gatnawyň töleglerini ýokarlandyrýar

Müsür 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Sues kanaly boýunça ähli gämi gatnawlary üçin nyrhlary 15 göterim artdyrýar diýip, Eadaily.com.ru ýazýar.

Kanaly dolandyryjy Usama Rabia munuň 2023-nji ýylda nebitguýujy tankerleriň bunkerlenmeginiň nyrhynyň 88 göterim, suwuklandyrylan gaz daşaýjy tankerler üçin 11 göterim artandygy bilen düşündirdi.

Häzirki wagtda Sues kanalyna deňiz boýunça ýük gatnawlarynyň 12 göterimi degişlidir, ondan nebitiň köp möçberi we suwuklandyrylan gazyň daşamalarynyň dünýä eksportunyň 8 göterimi amala aşyrylýar.

Sues kanaly her ýyl Müsüre 7 milliard dollar girdeji getirýär. Emma onuň ulanyşynda welin, kynçylyklar ýok däl. Sebäbi suw ýoly häzirki zaman gämileri üçin örän dardyr, bu bolda käbir ýerlerde heläkçiliklere getirýär.

Mysal üçin, geçen 2021-nji ýylyň martynda Ewer Giwen konteýner daşaýjysy suwuň saý ýerinde çöküp, birnäçe günläp gämi gatnawyny bökdedi diýlip, habarda aýdylýar.

Ýene degişli makalalar

Sues kanalyndan gatnawyň tölegleri ýokarlandyrylar
Edebi-sazly döredijilik duşuşygy
Ysraýylyň Goranmak ministri Eýrana hemle atdy
Liwanyň günortasynda bolan partlamada ysraýylly iki esger ýogaldy
Ysraýylyň Diaspora Ministri; “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bize dönüklik etdi”
Garagum kanalynyň suw howdanlarynda suwuň mukdary soňky iki onýyllykdaky iň pes derejelerine çenli azaldy