Sues kanalyndan gatnawyň tölegleri ýokarlandyrylar

Müsür 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Sues kanaly boýunça ähli gämi gatnawlary üçin nyrhlary 15% artdyrar. Kanaly dolandyryjy Usama Rabia munuň 2023-nji ýylda nebit guýujy tankerleriň bunkerlenmeginiň nyrhynyň 88%, suwuklandyrylan gaz daşaýjy tankerler üçin 11% artandygy bilen düşündirdi.

Häzirki wagtda deňiz ýük gatnawlarynyň 12%-i Sues kanalyna degişlidir.Ondan nebitiň köp möçberi we suwuklandyrylan gazyň daşamalarynyň dünýä eksportunyň 8%-i amala aşyrylýar.Sues kanaly her ýyl Müsüre 7 milliard dollar girdeji getirýär.

Emma onuň ulanyşynda welin, kynçylyklar ýok däl.Sebäbi suw ýoly häzirki zaman gämileri üçin örän dar bolup, bu käbir ýerlerde heläkçiliklere getirýär.Mysal üçin, 2021-nji ýylyň martynda “Ewer Giwen” konteýner daşaýjysy suwuň saý ýerinde çöküp, birnäçe günläp gämi gatnawyny bökdäpdi.

Sues kanaly 1869-njy ýylyň noýabr aýynda gämi gatnawy üçin açyldy.Onuň işe girizilmegi, ozal tutuş Afrika yklymynyň daşyndan aýlanmaga mejbur bolan söwda we harby gämiler üçin Aziýadan Ýewropa deňiz ýoluny azyndan, 8 müň kilometr gysgaltmaga mümkinçilik berdi.

Häzirki wagtda bu kanalyň uzynlygy 160 kilometr, çuňlugy hem 20 metrden gowrak bolup, dünýäniň iň uly gämilerine, şol sanda, iň uly nebit tankerlerine-de geçmäge mümkinçilik berýär.

Ýene degişli makalalar

Müsür Sues kanaly boýunça gatnawyň töleglerini ýokarlandyrýar
Edebi-sazly döredijilik duşuşygy
Ysraýylyň Goranmak ministri Eýrana hemle atdy
Liwanyň günortasynda bolan partlamada ysraýylly iki esger ýogaldy
Ysraýylyň Diaspora Ministri; “Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bize dönüklik etdi”
Garagum kanalynyň suw howdanlarynda suwuň mukdary soňky iki onýyllykdaky iň pes derejelerine çenli azaldy