Müsüriň piramidalarynyň gurluşygynyň syry öwrenildi

Müsüriň piramidalarynyň gurluşygynyň syry öwrenildi

Alymlaryň halkara toparyna Müsür piramidalarynyň syryny anyklamak başartdy diýip, MIR 24 ýazýar. Hünärmenler köp wagt bäri dünýäniň bu ýedi gudratynyň biriniň gurluşygynda ulanylan äpet daşlaryň ol ýere nähili usul arkaly eltilendigi barada jedelleşýärdiler.

Indi arheologlar gadymy müsürliler gurluşyk meýdançasyna daşlary Niliň häzirki wagtda guran goşantlarynyň biri arkaly elten bolsa gerek diýip çaklaýarlar. Öz ylmy çaklamasyny tassyklamak üçin olar piradimalaryň etrabyndaky daşa dönen topragyň nusgalaryny laboratoriýa iberdiler.

Görlüp oturylsa, iberilen nusgalarda gadymy derýa mahsus bolan tozan we ösümlik bölejileri bar eken.

Alymlaryň pikiriçe, öň Niliň bir goşandy bolup, daşlary onuň suwy arkaly gurluşyk ýerine daşapdyrlar. Ol gurluşyk tamamlanandan iki müň ýyl soňra gurapdyr. Biziň eýýamymyzdan öň 500-nji ýyla çenli ol derýa goşandyndan yz galmandyr diýip, The New York Times gazeti ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Ýer ýüzüniň iň gadymy derýasy
Müsürli ekologlar plastikden piramida gurdular
Müsürli ekolog aktiwistler plastik galyndylardan ägirt piramida gurdular
Ekologlar Nil derýasyny arassaladylar
Şri-Lankadan ýazyjy Şehan Karunatilaka edebiýat boýunça Buker baýragynyň eýesi boldy
Türkiýe Ukrainany Goldaýar
Aşgabadyň haýwanat bagynda krokodilleriň we žiraflaryň maşgalalaryna täze agzalar goşuldy, Resul Gylyjowyň simfoniki orkestri Iň gowularyň ählisi Bisde! konsertini berer, Türkmenistanyň günortasynda 35 gradusa çenli maýyl howa garaşylýar