Nadal Australian Open-iň finalynda Daniil Medwedewi utdy

Nadal Australian Open-iň finalynda Daniil Medwedewi utdy

Ispaniýaly tennisçi Rafael Nadal möwsümdäki ilkinji Uly tuwulga ýaryşy bolan Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň finalynda russiýaly Daniil Medwedewi utdy. Bu barada TASS habar berýär.

Duşuşyk 2:6, 6:7 (5:7), 6:4, 6:4, 7:5 hasabynda tamamlandy.Medwedew turnirde ikinji belgide, Nadal altynjy belgide ýerleşdirildi.Birinji belgide ýerleşdirilen serbiýaly Nowak Jokowiç Awstraliýanyň antikowid düzgünlerini berjaý etmändigi sebäpli ýaryşa gatnaşmady.

Nadal 21-nji kubogyny gazanyp, Uly tuwulga ýaryşlarynda ýeňiş sany boýunça rekordy täzeledi, Jokowiçiň we şweýsariýaly Rojer Federeriň hasabynda 20 ýeňiş bar.Nadal 35 ýaşynda, ol Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň (ATP) reýtinginde bäşinji orny eýeleýär, onuň hasabynda guramanyň howandarlygynda geçirilen ýaryşlarda 90 ýeňiş bar.

Ispaniýaly türgen iki gezek Olimpiýa çempiony (2008-nji ýylda ýekelikde, 2016-njy ýylda iki bolup), şeýle-de bäş gezek Dewis kubogynyň eýesidir.Medwedew 25 ýaşynda bolup, dünýä reýtinginde ikinji orny eýeleýär.

Onuň hasabynda guramanyň howandarlygynda 13 tituly bar, 2021-nji ýylda ol ABŞ-nyň Açyk çempionatynyň ýeňijisi boldy.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň birinji raketkasy Medwedew Meksikadaky ýaryşda ýeňiş gazandy
Alkaras resmi taýdan ATP-niň reýtinginde birinji orundan Medwedewi gysyp çykardy
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Ispaniýaly Alkaras US Open-iň ýeňijisi boldy
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy