Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Gümrükçi 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Gümrükçi 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy

Gümrükçi Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň täze möwsüminde garşydaş derwezelere 10 pökgi geçiren ilkinji topar boldy.

Möwsümiň ilkinji duşuuşygynda TNGIZT-ni 4:1 hasaby bilen ýeňen Gümrükçi ikinji tapgyrda Milli Goşundan 7:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, iki duşuşukda 6 utuk gazanyp, garşydaş derwezelere 11 pökgi geçiren topar ýaryşyň başyny çekýänleriň hataryna goşuldy. Garşydaşlaryndan iki tapgyrda-da uly hasap bilen ýeňlen Milli Goşunda bolsa heniz utuk ýok.

Gümrükçi indiki duşuşygyny 16-njy martda bassyr iki duşuşygynda garşydaşlaryndan ýeňlen Migrasiýa bilen geçirer. Milli Goşun bolsa täze möwsümdäki ilkinji utugyny ikinji tapgyrda gazanan TNGIZT bilen güýç synanyşar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futzal toparlary 2026-njy ýylyň baş baýragy ugrundaky göreşe başladylar
Futzal boýunça 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasyny Köpetdag topary ýeňiş bilen başlady
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy