Naýbaşy Kubogy 8-nji gezek “Altyn asyrda”

Futbol boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşykda “Altyn asyr” ýeňiş gazandy. 2021-nji ýylyň çempiony “Altyn asyr” bilen 2021-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi “Şagadamyň” arasyndaky duşuşyk diýseň çekeleşikli geçip, ol paýtagtymyzdaky “Nusaý” stadionynda oýnaldy.

Duşuşykda “Altyn asyr” topary 3-1 hasabynda ýeňiş gazanyp, 8-nji gezek Naýbaşy Kubogyna mynasyp boldy.Oýnuň 3-nji minutynda Kerim Hojaberdiýew “Şagadamy” 1-0 öňe saýlady. 32-nji minutda eminiň bellän penalti urgusyny dürs uran Myrat Annaýew hasaby deňledi. 67-nji minutda Yhlas Toýjanow, 76-njy minutda-da Altymyrat Annadurdyýew “Altyn asyra” ýeňiş getiren gollary geçirmegi başardylar. Şeýlelikde, “Altyn asyr” topary bassyr 8-nji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny asmana göterdi. “Şagadam” topary bolsa 3-nji gezek Naýbaşy Kubogy duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.

Ýene degişli makalalar

Futbol boýunça 2025-nji ýylyň Türkmenistanyň Kubogy ugrunda Arkadag we Ahal toparlary bäsleşerler
Al-Nassr topary Aziýa ýaryşlarynda türkmen futbolçylary bilen üçünji gezek duşuşar
Arkadag topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň ýaryşynda ilkinji möwsümini tamamlady
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Mirza Beknazarow Estoniýanyň Narwa Trans topary bilen şertnama baglaşdy