“Ne Biz, Ne Halkymyz Ne-de Siriýaly Doganlarymyz Bu Duzaga Düşmez”

“Ne Biz, Ne Halkymyz Ne-de Siriýaly Doganlarymyz Bu Duzaga Düşmez”

Prezident R. T. Erdogan, “Ekstremist terror guramasy arkaly oýnalýan oýuny kimiň ýazandygyny gowy bilýäris. Ne biz, ne halkymyz ne-de siriýaly doganlarymyz bu duzaga düşmez” diýdi.

Prezident Erdogan, ministrler kabinetiniň mejlisinden soň metbugata beýannama berdi.

Ýekşenbe güni Kaýseride siriýaly bosgunyň garyndaşy bolan gyzjagazy jynsy taýdan biynjalyk etmegi, Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň raýatlarynyň we baýdagynyň nyşa alynmagy haosa sebäp boldy.Biz bu oýunlary kimiň ýazandygyny bilýäris” diýen Erdogan, “Ne biz, ne siriýaly doganlarymyz bu hyýanatçylykly duzaga düşmez.

Faşizme we meçew bermelere boýun egmejekdigimizi ýene-de bir gezek nygtamak isleýärin.Baýdagymyza uzan elleri döwşimiz ýaly ýurdumyza gelen bosgunlara uzan elleri hem döweris” diýip belledi.

Prezident Erdogan “Ýurdumyzyň we halkymyzyň howpsuzlygyny ýola goýmaga dowam ederis. Ekstremist terror howpy ortadan aýylýança egilşiksiz göreşimiz dowam eder” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Böwrek daşy biynjalyklygyna tebigy çözgüt teklipleri
Akar: "Edilen her bir ädim Türkiyäniň güýjüni alamatlandyrýar" diýdi
Soňky 10 günde 40 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Ýene-de 8 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
3 Günde 13 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Kastamonu Basdyrmasy