Nebitmaş DK polady gaýtadan işlemek boýunça tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demri bejermek hyzmatlaryny hödürleýär

Nebitmaş DK polady gaýtadan işlemek boýunça tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demri bejermek hyzmatlaryny hödürleýär

Nebitmaş köp ugurly döwlet kärhanasy polady gaýtadan işlemek boýunça tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demri bejermek hyzmatlaryny hödürleýär.

Tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demirçilik işleri Aşgabatda ýerleşýän kärhananyň tejribeli hünärmenleri tarapyndan ýokary hil kepilligi bilen amala aşyrylýar.

Tokarçylyk-frezerleýiş işinde misden, bürünçden, latundan, alýuminiýden, instrumentlik we poslamaýan polatdan dürli önümler öndürilýär.

Kärhananyň hünärmenleri demri dartmak, egmek, basmak, kesmek, deşikleri açmak we kebşirlemek ýaly demirçilik işiniň dürli görnüşlerini ýerine ýetirýärler. Döwrebap enjamlar daşarky we içki silindr hem-de konus ýüzlerini ýokary takyklyk bilen işlemäge, nagyş çekmäge, jaýryklary we oýuklary doldurmaga, gatlary birleşdirmäge, dürli burçlarda deşikleri deşmäge, germäge, şekilli ýüzleri gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demirçilik işleri boýunça özüňizi gyzyklandyrýan zatlar barada ähli zerur maglumatlary almak üçin şu salgyda ýerleşýän Nebitmaş DK ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, 2008-nji (N.Pomma) köç., 6-njy jaý.

Telefonlar: (+993 65) 69 91 64, (+993 12) 76 02 43, 76 03 69;

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Nebitmaş DK tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demirçilik işlerini ýerine ýetirýär
Nebitmaş DK: elektrotehniki pudakda ygtybarly hyzmatdaş
Nebitmaş DK: metal gurnamalarynyň ýokary hilli önümçiligi
Nebitmaş DK dürli modifikasiýaly liniýa-birikdirme armaturalaryny hödürleýär
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Nebitmaş DK dürli göwrümli polat gaplary hödürleýär