Nebitmaş DK tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demirçilik işlerini ýerine ýetirýär

Nebitmaş DK tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demirçilik işlerini ýerine ýetirýär

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Nebitmaş köp ugurly döwlet kärhanasy tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demirçilik işleri boýunça giň gerimli hyzmatlary hödürleýär.

Tokarçylyk-frezerleýiş işinde misden, bürünçden, latundan, alýuminiýden, instrumentlik we poslamaýan polatdan dürli önümler öndürilýär. Bu materiallary işe taýýarlamaga bolsa döwrebap demirçilik enjamlary kömek edýär. Şeýlelikde, önümçilik işinde metal 900-1050 gradusa çenli gyzdyrylýar we ol ýumşak hem-de gaýtadan işlemek üçin amatly bolýar.

Kärhanada metal bilen işler iki usulda amala aşyrylýar galypda öndürmek usuly (ştampowka), bu usulda galyp demir bilen doldurýar we zerur bolan şekile eýe bolýar, şeýle hem erkin ýençme usuly, bu usulda ýörite tekiz çekiçleriň urgusy bilen islenilýän şekil alynýar.

Şeýle hem kärhananyň hünärmenleri demri dartmak, egmek, basmak, kesmek, deşikleri açmak we kebşirlemek ýaly işleri ýerine ýetirýärler. Döwrebap enjamlar daşarky we içki silindr hem-de konus ýüzlerini ýokary takyklyk bilen işlemäge, nagyş çekmäge, jaýryklary we oýuklary doldurmaga, gatlary birleşdirmäge, dürli burçlarda deşikleri deşmäge, germäge, şekilli ýüzleri gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär.

Nebitmaş DK kuwwatly önümçilik binýadyna we ýokary hünär derejeli işgärlere eýe bolmak bilen, ýerine ýetirilen ähli işleriň hem-de öndürilen önümleriň ýokary hilini kepillendirýär.

Nebitmaş DK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Nebitmaş DK: metal gurnamalarynyň ýokary hilli önümçiligi
Nebitmaş DK: elektrotehniki pudakda ygtybarly hyzmatdaş
Nebitmaş DK polady gaýtadan işlemek boýunça tokarçylyk-frezerleýiş hem-de demri bejermek hyzmatlaryny hödürleýär
Nebitmaş DK-dan ýokary hilli elektrik goraýjylar, işlediji-söndürijiler, şkaflar we düzüm bölekleri
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Nebitmaş DK dürli göwrümli polat gaplary hödürleýär