Nebitmaş döwlet kärhanasy 2023-nji ýylyň iş meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdi

Nebitmaş döwlet kärhanasy 2023-nji ýylyň iş meýilnamasyny üstünlikli ýerine ýetirdi

Nebitmaş döwlet kärhanasy 2023-nji ýylyň jemi boýunça önümleri öndürmegiň meýilnamasyny 100,7% ýerine ýetirmek bilen, ýokary netije gazanmagy başardy.

Kärhanada demir gurnama işleriniň meýilnamasy 100% ýerine ýetirildi. Bu bolsa degişli ugurda işleriň durnukly alnyp barylýandygyny görkezýär.

Ýokary we pes woltly elektrik geçirijileri boýunça iş meýilnamasynyň 104,5% ýerine ýetirilmegi aýratyn bellärliklidir.

Nebitmaş döwlet kärhanasynyň ykdysadyýetiň gurluşyk we beýleki pudaklary üçin zerur bolan önümleri öndürýän köpugurly kärhanadygyny ýatladýarys. Mundan başga-da, kärhananyň hünärmenleri demir kebşirleme we kesme-ýasama işlerini ýerine ýetirýärler.

Kärhananyň wekillerine şu salgy arkaly ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş., 2008-nji köçe, 6-njy jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 69 91 64; (+993 12) 76 02 43; 76 03 69.

Faks: (+993 12) 76 02 25.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Nebitmaş DK: metal gurnamalarynyň ýokary hilli önümçiligi
Nebitmaş DK: elektrotehniki pudakda ygtybarly hyzmatdaş
Daşoguzdaky zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanada 2 million manatdan gowrak önüm öndürildi
“Döwletli-Döwran” ýylda 80 milliondan gowrak klinker kerpijini öndürýär
Belli Tilsimat 1C programmasy boýunça intensiw okuwlary ýola goýýar
Balkan sement kärhanasynda ýokary hilli sement öndürilýär