Neýmar, Žesus, Winisius Braziliýanyň Katar 2022-däki gutarnykly düzümi mälim edildi

Dünýä Kubogynyň 5 gezek eýesi, bu çempionatda çempionlygyň esasy dalaşgärlerinden diýlip görkezilýän Braziliýanyň milli ýygyndysynyň Katar 2022-däki düzümi mälim edildi.Tälimçi Tite 26 futbolçyny çagyryp, gutarnykly düzümi mälim etdi.

Tejribeli tälimçi ýygyndynyň düzümine Neýmar, Alisson, Markinios, Tiago Silwa, Kazemiro, Rişarlison ýaly ýyldyzlary çagyrdy. Şol sanda weteran futbolçy, sag gyraky goragçy, 39 ýaşyndaky Dani Alwes hem Katara geljekleriň hataryna goşuldy.

Soňky döwürlerde şowly oýun görkezýän “Arsenalyň” goragçysy Gabriel, Liwerpulyň hüjümçisi, milli toparda 17 goly bolan Roberto Firmino, şeýle-de, “Flamengonyň” ýyldyzy Gabriel Barbosa, şol sanda Filippe Koutinio dagy düzüme çagyrylmady.

BRAZILIÝANYŇ KATAR 2022-DÄKI DÜZÜMI:

DERWEZEÇILER:

Alisson (Liwerpul),

Ederson (Mançester Siti),

Wewerton (Palmeiras)

GORAGÇYLAR:

Bremer (Ýuwentus),

Eder Militao (Real Madrid),

Markinios (Pari Sen-Žermen),

Tiago Silwa (Çelsi),

Aleks Sandro (Ýuwentus),

Aleks Teýýes (Sewilýa),

Dani Alwes (Pumas),

Danilo (Ýuwentus)

ÝARYMGORAGÇYLAR:

Bruno Gimaraeş (Nýukasl),

Kazemiro (Mançester Ýunaýted),

Ewerton Ribeiro (Flamengo),

Fabinio (Liwerpul),

Fred (Mançester Ýunaýted),

Lukas Paketa (West Ham)

HÜJÜMÇILER:

AntonI (Mançester Ýunaýted),

Gabriel Žesus (Arsenal),

Gabriel Martinelli (Arsenal),

Neýmar (Pari Sen-Žermen),

Pedro (Flamengo),

Rafinýa (Barselona),

Rişarlison (Tottenham),

Rodrigo (Real Madrid),

Winisius Junior (Real Madrid)

Ýene degişli makalalar

Neýmar Braziliýanyň milli ýygyndysynyň düzümine çagyrylmady
Toparlaryň düzümleri belli bolup başlady
Messi, Mbappe, Benzema FIFA-da ýylyň futbolçysy kim bolar, dalaşgärler mälim edildi
Çempionlar Ligasynda myhmançylykdaky toparlar hezil etdi
“La Ligada” “Žironanyň” liderligi dowam edýär
“Real Madridiň” UEFA-daky 5-nji Super Kubogy